Sepleriň elýeterliligi

Orsýet 2012-nji ýylda $12 milliardlyk ýarag eksport edipdir


Orsýetiň 2012-nji ýylda umumy eksport eden ýaraglary $12 milliarda deň bolupdyr.

Harby-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Federal gullugynyň resmisiniň berýän maglumatyna görä, bu planlaşdyrylan görkezijilerden 12% ýokary bolupdyr. Ol bularyň entek “deslapky görkezijilerdigini” aýdyp, soňky sanlaryň şu aýyň aýagyna ýa-da fewralyň başlaryna yglan ediljekdigini aýtdy.

Anyk haýsy ýurtlaryň näçe ýaragy satyn alandygy aýdylmasa-da, 2012-nji ýylda Gana, Oman, Tanzaniýa we Owganystan ýaly ýurtlaryň ors ýaragyny alandygy bellenildi.
XS
SM
MD
LG