Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl ses berýär, parahatçylyk prosesi gümanda


Pikir soralşyklar Netenýahuyň güýçli pozisiýada bolup çykjagyny görkezýär.
Pikir soralşyklar Netenýahuyň güýçli pozisiýada bolup çykjagyny görkezýär.
Ysraýyl sişenbe güni täze parlamentiň saýlawlaryny geçirýär. Sagçy ganat partiýalaryň premýer-ministr Benýamin Netenýahuyň hökümet koalisiýasynda öz kuwwatyny artdyrmagyna garaşylýar. Emma saýlawlaryň Ysraýyl-Palestin parahatçylyk prosesine itergi berjegine garaşýan az.

Ysraýylyň sişenbe güni boljak saýlawlarynyň gün tertibindäki esasy meseleler ykdysadyýet we Eýranyň dawaly ýadro programmasy bolup durýar.

Premýer-ministr Benýamin Netenýahu geçen hepde Iýerusalimde ABŞ-nyň senatorlarynyň delegasiýasy bilen duşuşanda, Ysraýylyň ýüzbe-ýüz bolup duran esasy missiýasynyň Eýranyň ýadro programmasydygyny aýtdy.

"Öten agşam bäş amerikan senatory, demokratlar we respublikanlar bilen duşudym we olara problemanyň Arieldäki ýewreý obalary däldigini hem Iýerusalimi guramagyň mesele däldigini aýtdym. Ýakyn Gündogardaky problema Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinjek bolmak synanyşygy, Siriýadaky himiki ýaraglar hem-de Afrikada yslam radikalizminiň ýaýrap, tutuş sebite wehim salmagy" diýip, Netenýahu aýtdy.

Emma pikir soralşyklar saýlawçylaryň Eýran ýa Palestina meselesine garanda ykdysadyýet barada has köpräk alada edýändigini görkezýär.

Ýurduň 2012-nji ýyldaky býužet ýetmezçiligi çak edilişinden iki esse bolup, ýakyn geljekde berk tygşytlylyk çärelerini ýokarlandyrmaga getirjege çalym edýär.
Eger "Ýewreý öýi" saýlawlarda pikir soralşyklaryň berýän netijesini gazansa, Bennet Netenýahuyň koalisiýasynyň esasy partneryna öwrülip biler...

Pikir soralşyklar Netenýahuyň ýene bir gezek iň güýçli pozisiýada bolup çykjagyny görkezýär, ýöne onuň koalisiýa partnerlarynyň arasyndaky deňargamlylylk mazaly üýtgäne meňzeýär.

Netenýahuyň merkez-sagçy Likud-Beteýnu fraksiýasy parlamentdäki 120 ornuň 35 çesmesini alarly görünýär. Merkez-çepçi Zähmet partiýasy bolsa, parlamentde 16-18 orun almak bilen, ikinji bolar öýdülýär.

Naftali Bennetiň aşa milletçi "Ýewreý öýi" partiýasy şu wagta çenli geçirilen kampaniýalarda köpleri geň galdyrdy. Gujurly we özüne çekiji, 40 ýaşly Bennet ysraýyl syýasatynda täze "rok ýyldyzy" hökmünde suratlandyryldy. Ol ýaş saýlawçylary we öňki Sowet Soýuzyndan gelenleri nazarlap, öz partiýasynyň meşhurlygyny mazaly ýokarlandyrmagy başardy.

Eger "Ýewreý öýi" saýlawlarda pikir soralşyklaryň berýän netijesini gazansa, Bennet Netenýahuyň koalisiýasynyň esasy partneryna öwrülip biler we uly derejeli hökümet wezipesini talap eder. Bu ýagdaý Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda doňan parahatçylyk prosesini gaýtadan başlamaga çynlakaý bir böwet bolar.

Iýerusalimdäki Hibrew uniwersitetiniň professory Rafaýel Israeli Netenýahu palestinalylar bilen iki döwlet çözgüdini goldaýan diýýän hem bolsa, gaýtadan döreýän hukuk gepleşiklere hakykat ýüzünde tasdan ýol bermän hem biler diýýär.

Palestinanyň Ysraýyl bilen baş gepleşikçisi bolan Saýeb Erekat hem bu hepde geçjek saýlawlara, parahatçylyk prosesi bilen baglylykda, pessimist seredýär.

“Häzirki hökümet gepleşiklere garanda diktowat etmegi, parahatçylyga garanda obalary gurmagy saýlap aldy. Onsoň, saýlawdan soň diktat we obalar ýodasyny dowam etdirjek geljekki islendik koalision hökümet iki döwlet çözgüdini weýran etmegi aňladar. Emma biz ysraýyl halkynyň parahatçylygy saýlap almagyny isleýäris. Ýöne muny aýtmak bilen, biz Ysraýyldaky ol ýa-da beýleki partiýa bilen däl, ähli ysraýylly bilen parahatçylyk isleýäris” diýip, Erekat aýtdy.
XS
SM
MD
LG