Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan çykyş wizasyndan el çekmeýär


Wiza
Wiza
Kuba öz adaty raýatlary üçin çykyş wiza düzgünini ýatyrsa-da, häzirki wagtda kommunistleriň döwründe raýatlaryň durmuşyna girizilen bu syýahatçylyk çäklendirmelerini dowam etdirýän az sanly ýurtlar-da bar.

Olardan biri Demirgazyk Koreýa bolsa, beýlekisi Özbegistandyr.

Kubada geçen hepde güýje giren bu täze kanunyň esasynda hökümetiň 50 ýyl gowrak wagt bäri dowam etdirýän syýahatçylyk çäklendirmeleri ýatyryldy.

Kubada 14-nji ýanwarda güýje giren migrasiýa we syýahatçylyk baradaky täze kanun esasynda, kubalylaryň aglabasy indi çykyş wizasyny alman, ýurduň daşyna syýahat edip bilerler. Şeýle-de bu kanun bu meseledäki dürli býurokratik bökdençlikleri hem ýatyrýar.

Özbegistanyň çykyş wizasy

Şol bir wagtyň özünde-de daşary ýurtlara syýahat etmek isleýän Özbegistanyň raýatlary şeýle mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin syýahatçylyk düzgünleriniň üýtgemegine garaşmagy dowam etdirýärler. Daşary ýurda syýahat etmek isleýän özbegistanlylar çykyş wizasyny almak üçin Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň wiza we hasaba alyş bölüminiň ýerli edaralaryna ýüz tutmaly bolýarlar.

Özbegistanda çykyş wizasynyň bahasy 25 amerikan dollaryna barabar bolup, ol iki ýyl möhlet bilen berilýär. Raýatlar degişli dokumentleri almak üçin iş ýüzünde iki hepde garaşmaly bolýarlar. Ýöne tejribede çykyş wizasyny almak üçin ýüzlenen raýatlar köplenç 20-30, hatda käbir halatlarda birnäçe aýlap garaşmaly bolýarlar.

Resmiler çykyş wizasy hakyndaky dokumentleriň soňa goýulmagy ýa-da ret edilmegi barada raýatlara köplenç göwne makul düşündiriş bermeýärler.

Raýatlaryň ýurdy rugsatnamasyz terk etmegi bolsa olara uly möçberde jerime salynmagyna ýa-da 10 ýyldan hem gowrak türme tussaglygy bilen jezalandyrylmagyna sebäp bolup bilýär.

Degişli dokumentleriň kanuny taýdan ret edilmegine döwlet syryny bilýän, jenaýatçylyk derňewleri we sud diňlenişigi dowam edýän adamlar degişli bolup bilerler.

Özbegistanyň resmileri daşary ýurda syýahat etmek boýunça girizilen bu düzgüniň ýurdy terrorizmden goramak üçin zerurdygyny aýdýarlar.

Çäklendirmeleriň nyşany

Ýöne Özbegistanyň oppozisiýasynyň agzalary we hukuk goraýjy aktiwistler, çykyş wiza režimini ulanmak bilen hökümet ýolbaşçylarynyň özlerine basyş edýändiklerini we günbatar ýurtlary bilen gatnaşygy çäklendirýändiklerini aýdýarlar.

Geçen ýyl suratkeş Wýaçeslaw Ohunow prezident Yslam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowa bilen deňeşdirilenden soň, resmi özbegistan onuň daşary ýurda syýahat etmegini gadagan edipdi.

Aktiwistler - Dmitriý Tihonow, Bahodir Namozow, Saida Kurbanowa, Mamirjon Azimow we Oktam Pardaýew dagylar soňky ýyllarda Özbegistanyň daşyna syýahat etmeklerine gadagançylyk girizilen ýüzlerçe adamlardan diňe käbirleridir.

Özbegistan çykyş wizasyny entek hem talap edýän ýeke-täk postsowet respublikasydyr. Hatda öz raýatlaryna syýahatçylyk çäklendirmelerini girizmekde meşhur bolan Türkmenistan hem bu düzgüni 2002-nji ýylyň ýanwar aýynda ýatyrypdy.
Ýöne Daşkent GDA agza ýurtlara syýahat etmek isleýän özbek raýatlary üçin şeýle gadagançylyklary aradan aýyrdy.

Emma 2012-nji ýylyň iýun aýynda Özbegistanyň hökümeti Täjigistana we Türkmenistana syýahat etmek isleýän özbek raýatlary üçin çykyş wiza düzgünini gaýtadan girizdi. Geçmişde Daşkendiň Türkmenistan we Täjigistan bilen aradaky gatnaşyklary wagtal-wagtal dartgynly häsiýete eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG