Sepleriň elýeterliligi

Soh: Gepleşikler togtadyldy


Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň Çarbak obasy, 16-njy ýanwar, 2013.

Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň Çarbak obasy, 16-njy ýanwar, 2013.


Gyrgyzystanyň Batken regionynda ýerleşýän Soh özbek anklawyndaky dartgynly ýagdaýdan çykalga tapmak boýunça alnyp barlan gepleşikler togtady.

Batkeniň häkimi Jeniş Razakowyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, barlag-geçiş nokatlarynyň hem regiondaky ýollaryň açylmagy barada 10-njy ýanwardan bäri özbek resmileri bilen alnyp barylýan gepleşikler netije bermändir.

Jeniş Razakow gyrgyz tarapynyň petiklenen ýollary we serhetleri açmak meselesini çözmek üçin Özbegistanyň Soh regionynyň häkimine öz tekliplerini iberendigini aýtdy. Emma ol bu ilkinji ädimden soň hiç hili jogabyň bolmandygyny habar berdi.

Çaknyşyklar

Soh regionynyň 60 müňe golaý ilaty, olar esasan täjikler, 5-nji we 6-njy ýanwarda gyrgyz serhetçileri bilen bolan çaknyşykdan bäri üzňelikde galýarlar. Gyrgyz häkimiýetleri täze serhet geçelgesine elektrik simlerini çatmakçy bolanda, bu ýerde zorlukly çaknyşyklar emele geldi. Gyrgyz serhetçileri bilen çaknyşykda Sohuň bäş raýatynyň ýaralanandygy habar berildi. Gyrgyzystanyň azyndan 30 raýaty zamunlyga alyndy, olaryň käbirleri ýaralanypdy, emma şol günüň ertesi boşadylypdy.

Geçen hepdede Gyrgyzystanyň resmileri zorlukly wakalaryň bolan ýerinde gyrgyzlaryň Çarbak obasynyň daşyna tikenek simi çekip başladylar. Batken welaýatynyň resmileriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Sohuň uzynlygy 136 kilometrlik serhediniň 10 kilometr böleginde tikenek sim çekiler. Sohuň daşyndaky serhediň ýene 40 kilometri jedelli mesele bolup galýar.

Çekeleşikler

Sohdaky wakalar gyrgyz, özbek we täjik metbugatynda regiondaky serhet problemasynyň daşynda dörän çekeleşikleri ýene güýçlendirdi.

Geçen anna güni Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrohon Zarifiniň žurnalistlere aýtmagyna görä, täjik tarapy Orsýetiň Daşary işler ministligine ýüz tutup, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky serhetlere degişli öňki sowet dokumentleriniň Duşenbä berilmegini haýyş edipdir.

Zarifi bu dokumentleriň Täjigistanyň goňşy Özbegistan we Gyrgyzystan bilen serhetlerini aýdyň kesgitlemegi we Soh regionynda dörän dartgynlylyk ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerurdygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow şenbe güni döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda “Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köp problemalaryň sowet döwründen galandygyny aýtdy we “goňşularyň öz problemalaryny araçylary goşman” çözmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG