Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyllylar täze parlament üçin ses berýärler


Ysraýylda şu gün irden parlament saýlawlary başlandy. Pikir soraýyşlarda berlen jogaplar premýer-ministr Benýamin Netenýahuyň ýene güýçli pozisiýada bolup çykjagyny görkezýär.

Ýöne onuň koalisiýa partnerlarynyň arasyndaky deňagramlylyk mazaly üýtgär öýdülýär.

Aşa milletçi Naftali Bennetiň “Ýewreý öýi” partiýasy şu wagta çenli geçirilen kampaniýalarda köpleri haýran galdyrdy.

40 ýaşly Bennet ysraýyl syýasatynyň täze “rok ýyldyzy” diýip suratlandyrylýar. Ol esasan ýaşlary we öňki Sowet Soýuzyndan gelenleri nazarlap, kampaniýa geçirdi.

Bennetiň ýokary galmagy palestinalylar bilen gatnaşyklary has-da çylşyrymlaşdyrar öýdülýär. Ol saýlaw kampaniýalarynda “ysraýyl topragynda” palestin döwletiniň döremezligi üçin elinde baryny etjegini wada berdi.
XS
SM
MD
LG