Sepleriň elýeterliligi

BMG işsizleriň köpelmeginiň dowam etjegini aýdýar


Dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine garaşylýan hem bolsa, BMG-niň Zähmet gullugy global ykdysady krizisiň täsiri netijesinde, işsizligiň ösmeginiň dowam etjegini duýdurýar.

Halkara Zähmet guramasy sişenbe güni çap eden hasabatynda 2012-nji ýylda işsiz adamlaryň sanynyň 4 million köpelip, umumylykda 197 million bolandygyny aýdýar.

2013-nji ýylda işsizleriň sanynyň 5.1 million, 2014-nji ýylda bolsa 3 million köpelmegine garaşylýar.

Global işsizlik derejesi 2009-njy ýylda 6.21 prosent, 2012-nji ýylda 5.93 prosent boldy. Bu dereje 2013, 2014-nji ýyllarda 6.01 prosent bolar öýdülýär.
XS
SM
MD
LG