Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmileri türmede adam gynalýandygyny ret edýärler


Owgan resmileri BMG-niň hökümet türmelerinde adam gynalýandygy barada aýdanlaryny ret etdiler.

Içeri Işler ministrliginiň sözçüsi Seddik Seddiki ol ýerde polisiýa işgärleri we türme sakçylary tarapyndan “salyhatsyzlyga” ýol berlen halatlarynyň bolandygyny boýun aldy, emma hökümetiň adam gynamak syýasatynyň bolmandygyny aýtdy.

Milli howpsuzlyk müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory Hesamuddin Hesam BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasyna interwýu beren adamlar ýalan sözlediler diýdi.

Bu hasabat ýekşenbe güni çap edildi we onda interwýu alnan tussaglaryň ýaryndan hem köpüsiniň tussaghanalarda gödek daraşylmadan, gynalmadan şikaýat edendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG