Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Aňtaw gullugy adamlary delilsiz tussagda saklady


Pakistanyň howpsuzlyk gullugynyň güman edilýän ýedi jeňçini, suwytly delil bolmazdan, bir ýyldan gowrak tussaglykda saklandygy aýdylýar.

Pakistanyň harby aňtaw gullugynyň aklawçysy Raja Irşad duşenbe güni Ýokary suda resmileriň bu adamlary terrorçylyga dahylly diýip ynanadyklary üçin tussaglykda saklandyklaryny aýtdy.

Harby aňtaw gullugy ol ýedi adamy 2007-nji ýylda, aňtaw işgärine garşy guralan kast ediş hüjüminde we howa bazasyna edilen raketa hüjüminde güman edilen 11 adamyň arasynda tussag etdi. Olaryň dördüsi türmede gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.

Terrora garşy sud 2010-njy ýylyň maýynda olaryň boşadylmagyny buýurdy, emma olar tussaglykda galdyryldy.
XS
SM
MD
LG