Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: serhetden bikanun geçen üç özbek tussag edildi


Gyrgyzystanyň serhet gullugy Özbegistanyň üç raýatynyň serhetden bikanun geçenligi üçin tussag edilendigini aýtdy.

Bu waka Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň Soh etrabynyň golaýyndaky serhetde bolupdyr. Soh gyrgyz territoriýasyndaky özbek topragydyr.

Serhet gullugynyň duşenbe güni çap eden baýanatynda bu üç adamyň 12-nji ýanwarda tutulandygy aýdylýar. Olar Içeri işler ministrliginiň Batken oblast bölümine geçirilipdir.

Sohuň içinden geçýän serhet geçelgeleri 5-6-njy ýanwardan bäri ýapyk, şonda sohlular täze gyrgyz serhet postuna elektrik liniýasynyň çekilmeginiň üstünde gyrgyz serhetçileri bilen çaknyşypdylar.

Aýdylmagyna görä, şonda serhetçiler bäş sohlyny ýaralapdyr. Bu wakada Gyrgyzystanyň 30 raýaty zamun alyndy, emma ertesi güni goýberildi.
XS
SM
MD
LG