Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Žirinowskiý rus diliniň arassalanmagyny isleýär


Orsýet Dumasynyň deputaty Wladimir Žirinowskiý deputatlary, şol manyny aňladýan rus sözi bar halatynda, oňa derek daşary ýurt sözüni ulanýan adamlara temmi bermek barada kanun çykarmaga çagyrdy.

Ol rusça bolmadyk sözi ulanýan adama işden çykarmaga çenli çäre görülmelidigini aýtdy.

Žirinowskiý sişenbe güni žurnalistlere “Biz rus dilini hapa-hupadan we daşary ýurt sözlerinden arassalamaly” diýdi.

Žirinowskiý Türkiýänin türk dilindäki arap we pars sözlerini aýryp, şeýle çäräni bireýýäm görendigini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG