Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki Ýörük Türkmenleri


YÖRÜK TÜRKMEN TÜRK SEVDALILARI atly Facebook sahypasynyň gurujylary: Alper Turan Tekeli (çepde) we Hafiz Ali Acıbucu (sagda)
YÖRÜK TÜRKMEN TÜRK SEVDALILARI atly Facebook sahypasynyň gurujylary: Alper Turan Tekeli (çepde) we Hafiz Ali Acıbucu (sagda)
Soňky ýyllaryň dowamynda internet sahypalary, sosýal ulgamlar, şol sanda Facebook ýaly sahypalar adamlaryň gatnaşygynda uly rol oýnaýar. Şeýle sahypalar diňe aragatnaşyk üçin däl, uzaklarda ýaşaýan adamlaryň internet äleminde bileleşip dürli işleri amala aşyrmagyna hem mümkinçilik döredýär.

Facebook sahypasyndaky YÖRÜK TÜRKMEN TÜRK SEVDALILARI atly topar hem Ýörük Türkmenleriniň durmuşyny we medeniýetini tanatmak üçin döredilip, onuň häzir 50 müňe golaý agzasy bar.

Eýsem göz öňünde tutulan maksada ýetildimi? Şeýle-de bu sahypanyň meşhur bolmagynyň sebäbi näme? Bu soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Döwlet Baýhan bu sahypanyň düýbüni tutujylardan biri Ali Acibucu bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şeýle sahypa döretmeklige näme sebäp boldy?

Hafyz Ali: 2009-njy ýylda dostum Alper Turan Tekeli bilen türk halklarynyň däp-dessurlaryny tanatmaklyk maksady bilen şeýle sahypa döretdik. Maksadymyz, dünýädäki Türk halklaryna seslenmeklik.

Azatlyk Radiosy: Sahypaňyzyň göz öňünde tutýan maksady barada jikme-jik maglumat beräýseňiz?

Hafyz Ali: Sahypamyzyň maksady, türk halklaryna öz däp-dessurlarymyzy tanatmaklyk we doganlygymyzy ýatlatmakdyr. Şol nukdaý nazardan hereket edip, Türkiýedäki Ýörük Türkmenlerini hemmetaraplaýyn tanatmaklyk üçin iş alyp barýarys.

Azatlyk Radiosy: Ýörük-Türkmenleri diýýäňiz, Ýörük-Türkmenleri kim, bize tanatsaňyz, düşündirseňiz?

Hafyz Ali: Bizden has owal Türkiýä gelip ýerleşen oturymly ýagdaýdaky doganlarymyz bizi tapawutly halk hasaplaýar. Türkiýede ýagny Anadolyda Türk milletiniň gadymy däp-dessurlaryna görä çarwa ýagdaýda ýaşaýan Türkmenlere Ýörük diýilýär.

Ýörük diýmeklik “ýöreýän”, göçüp-gonup ýaşaýan, çarwa diýen manyda. 1890-njy ýyllara çenli Türkiýedäki Türkmenler hem tümmek görnüşde bolan gara öý-ak öý ulanýardy. Ýagny Türkmenistanda aýdylşy ýaly Gara öý ulanylýardy.

Türkiýede bolsa biz gara öýe “Topak öý” diýýäris. Häzirki gara çadyra 1890-njy ýyldan soň ymykly geçilipdir. Türkmen gara öýüniň gurulmagy gaty çylşyrymly bolansoň, şondan soň onuň deregine gara gyl çadyr ulanylmaga başlanypdyr.

Azatlyk Radiosy: Türkiýedäki Ýörük-Türkmenleri Türkmenistan hakynda näme bilýär? Türkmenistan diýlende ilki bilen siziň ýadyňyza näme düşýär? Türkmenistan we ol ýerdäki Türkmenler bilen bir gatnaşygyňyz barmy?

Hafyz Ali: Türkmenistan diýlende oguzlaryň, 24 oguz toparynyň guran bir döwleti ýada düşýär. Azarbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan ynha şular oguz döwletleridir. Başga Türk halklarynyň döwletleri hem bar, ýöne şolaryň arasynda oguz halklary höküminde ýaňky üç döwleti bilýärin.

Azatlyk Radiosy: Ýörük-Türkmen-Türk söýýänler sahypasy barada göz öňünde tutýan maksatlaryňyzda haýsy sepgide ýetdiňiz?

Hafyz Ali: 2009-njy ýyldan bäri yzgiderli işläp gelýäris, ýöne maksadymyza entek doly ýetip bilmedik. Diňe maksadymyzyň ýüzden kyrk bölegine ýetdik diýip bilerin. Soňky iki ýylda esasy ünsümizi dünýä Türkmenlerine gönükdirdik.

Sahypamyzyň işleriniň ýüzden yetmiş bölegi Türkmenler bilen baglanşykly. Galan bölegi bolsa beýleki türki halklar barasyndaky materiýallar. Dünýä Türkmenlerine şeýle uly üns bermegimiziň sebäbi, meselem Özbegistanda gaty köp Türkmen bar, galyberse beýleki türki respublikalarda köpçülik ýagdaýda Türkmenler bar, Owganystanda, Eýranda bar.

Azatlyk Radiosy: Sahypanyň 50 müňe golaý agza ýetmeginde näme rol oýnady?

Hafyz Ali: Elbetde medeniýet hemmeleri birleşdirýär, jebisleşdirýar we duşyşdyrýar. Türk-oguz-Türkmen medeniýeti. Sahypadakylar medeniýetini küýseýär, öz medeniýetine gyzyklandyrma bildirýär.

Döwrebap durmuşda indi adamlar işden galan wagtyny internetde geçirýär. Sosýal sahypalar adamlaryň durmuşynda gaty täsirli rol oýnaýar. Adamlar sahypada küýseýän zatlaryny görýär, öz medeni gymmatlyklaryna gowuşýar.

Gynansagam köpçülik ata-babalaryndan doly maglumat alyp bilmänsoň, öz medeniýeti barada ýeterlik maglumata eýe däl. Biz muny göz öňünde tutyp, halk köpçüligini gyzyklandyrýan medeni materiýallary sahypamyzda paýlaşýarys. Mudan gaty hoşal bolup bize minnatdarlyk bildirýärler.

Azatlyk Radiosy: Sahypaňyzda halk köpçüliginiň iň köp halaýan zady näme?

Hafyz Ali: Sahypamyzda syýasy mazmunly materiýallara rugsat beremzok. Sebäbi Ýörük-Türkmenleriniň arasynda dürli syýasy garaýyşda bolan adamlarymyz bar. Medeniýetimiz barada näme goýsak sahypamyzda, köpçülik uly gyzyklanma bildirýär.

Sahypa agzalary meselem Türkmenistanyň tebigaty, awçylaryň el guşy bilen aw awlaýşy, düýeler bilen säharaky durmuş, Türkmeniň meşhur ahal-teke atlary ýaly materiýallara has köp ses berýär we olary öz arasynda paýlaşýar.

Atlar diýlende, olar biziň ganadymyz, milletimizi atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl, biz atlaryň üstünde önüp-ösen, ulalan bir milletiň nesilleri, ýöne gynansagam häzirki döwürde Türkiýede öňki ýaly atlar galmady. Ine iň köp şu zatlar sahypamyzda öňe saýlanýar, gowy görülýär.

Azatlyk Radiosy: Dünýä Türkmenlerinden biri Türkiýä Ýörük Türkmenleriniň ýaşaýan ýerine gelip, köçede oýnap ýören çagalara “Türkmenler kim?” diýip sorag berse nähili jogap alarka?

Hafyz Ali: Çagalar hökman “Türkmenler bizdiris!” diýip jogap berer. Türkiýedäki ýörük Türkmen çagalary özüniň Türkmendigini bilýändir. Türkmenistan diýen ýurdy hem hemmesi diýen ýaly bilýändir.
XS
SM
MD
LG