Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Partiýalara haýwan saýlamak teklip edildi


Orsýetli deputat Aleksandr Sidýakin 55 partiýanyň sanawyny tutup dur

Orsýetli deputat Aleksandr Sidýakin 55 partiýanyň sanawyny tutup dur

“Bütewi Orsýet” partiýasynyň wekili ýurduň ähli syýasy partiýalarynyň emblema hökmünde özlerine haýwanlaryň şekilini saýlap almagyny teklip etdi. Orsýetde gozgalan bu meseläniň öz aýratynlyklary bar.

Şu günki gün Orsýetde syýasy partiýalaryň sany gün saýyn köpelýär. Şeýle ýagdaýda ses berijileriň işini aňsatlaşdyrmak üçin käbir teklipler öňe sürülýär. Teklipleriň birinde her bir partiýanyň özüne emblema hökmünde haýsy-da bolsa bir haýwanyň şekilini saýlap almalydygy aýdyldy.

Sidýakiniň teklibi

Bu teklibiň awtory “Bütewi Orsýet” partiýasynyň 35 ýaşly agzasy Aleksandr Sidýakiniň pikirine görä, haýwanly emblemalar syýasy partiýalaryň ilat tarapyndan tanalmagy üçin peýdaly bolup biler. Sidýakin “Bütewi Orsýet” partiýasynyň emblemasy aýy bolsa, “Ýabloko” partiýasynyň öz emblemasy üçin skunsy, ýagny gymmatbaha sütükli, ýöne örän porsy haýwany saýlamalydygyny, Kommunistik partiýanyň bolsa özüne amerikan sugunyny saýlamalydygyny aýtdy.

Aleksandr Sidýakiniň pikirine görä, Boris Nemtsowyň ýolbaşçylygyndaky “Parnas” atly oppozision partiýana alaka, beýleki oppozision toparlara bolsa torsuk ýa ulitka (balykgulak) ýaly haýwanlar gelişýär.

Geçen ýylyň aprel aýynda Orsýetiň şol wagtky prezidenti Dmitriý Medwedew syýasy partiýalaryň hasaba alynmagynyň düzgünlerini aňsatlaşdyrypdy. Prezidentlik saýlawlary bilen bagly köpçülikleýin protestler muňa sebäp bolupdy.

Netijede şu günki gün Orsýetde 55 sany syýasy partiýa hasaba alyndy. Sidýakin partiýalaryň köplügi sebäpli indiki saýlawlarda saýlaw sanawynyň uzynlygynyň iki metre ýetmeginiň ähtimaldygyny çak edýär.

Sidýakin saýlawçylar üçin şeýle uzyn sanawdan haýsydyr bir partiýany saýlap tutmagyň kyn boljagyny belläp, partiýalaryň tanalmagy üçin täze bir usulyň, ýagny haýwanlaryň şekili ýerleşdirilen emblemalaryň ulanylmagyny teklip etdi.

Oppozisiýanyň garaýşy

Sidýakiniň bu teklibi oppozisiýa tarapyndan tankyt edildi. “Adalatly Orsýet” partiýasynyň lideri Sergeý Mironow “Bütewi Orsýet” partiýasyny has wajyp meseleler bilen meşgullanmaga çagyrdy.

Orsýetiň parlamentiniň öňki agzasy Gennadiý Gudkow ýurtda hasaba alynýan syýasy partiýalaryň sanynyň köpelmegi bilen oppozision partiýalaryň gowşadylýandygyny belledi.

“Kommersant FM” radiostansiýasynyň kommentatory Konstantin Eggert “ýaňsylanýan patiýalaryň”, ýagny şowsuz boljagy öňünden görnüp duran partiýalaryň köpelmegi üçin emeli ýagdaýyň döredilýändigini belledi. Eggert muny “häkimiýetleriň orsýet parlamentarizmini ýok etmek üçin ýörite edýän synanyşygy” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG