Sepleriň elýeterliligi

Lawrow gepleşiklere böwet döretmekde Siriýanyň oppozisiýasyny aýyplaýar


Çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň oppozisiýasyny parahatçylyk ugrundaky tagallalaryň öňüne böwet döredýänlikde tankytlap çykyş etdi. Ol bu barada Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda durup geçdi.

Bu çykyşynda ol Siriýanyň oppozisiýasynyň prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden gitmegini talap edip, aýak diremeginiň parahatçylyk baradaky gepleşikleriň öňünde esasy päsgelçilik bolup durýandygyny aýtdy.

Sergeý Lawrow oppozisiýanyň eglişiksiz hereketine “birnäçe Günbatar we Orta Gündogar ýurtlarynyň” jogapkärdiklerini-de nygtady.

Lawrow Siriýanyň oppozisiýasyny gepleşiklere girmeklige diňe Orsýetiň çagyryp gelýändigini aýdyp, Orsýetiň bu ugurda hiç hili geosyýasy maksatlary göz öňünde tutmaýandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG