Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň oppozision partiýasynyň ýerli lideri öldürildi


Pakistanyň polisiýasy sişenbe güni agşam ýurduň Karaçi şäherinde oppozision partiýanyň ýerli lideri Mian Teýmuryň näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürilendigini habar berýär.

Mian Teýmur Pakistanyň Musulman Ligasy partiýasynyň Sindh prowinsiýasyndaky bölümine liderlik edýärdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, sişenbe güni giçlik Karaçi şäherinde motosiklli näbelli adamlar Mian Teýmuryň münüp barýan maşynyny gabap, onuň özüni we kakasyny atyp öldüripdirler.

Geçen hepdäniň penşenbe güni şu Karaçi şäherinde prowinsiýanyň deputaty Manzar Imami we onuň üç sany janpenasy-da näbelli ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG