Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we hindi delegasiýasy TOPH proýektini maslahatlaşdylar


Sişenbe güni Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide Türkmenistanyň we Hindistanyň hökümetara komissiýalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar barada özara gepleşik geçirdi.

“Bizness-TASS” habar agentligi bu gepleşiklerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz prowodynyň gurluşyga baradaky meseläniň aýratyn üns merkezinde bolandygyny habar berýär.

Nýu-Delidäki bu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Hindistanyň TOPH proýektini mümkin boldugyça tiz wagtda durmuşa geçirmek üçin zerur bolan çäreleri görmek barada ylalaşandyklary habar berilýär.

Resmi maglumata görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini 2018-nji ýyldan başlap işe girizmeklik göz öňünde tutulýar.

Ýöne käbir synçylar Owganystanyň we Pakistanyň käbir regionlarynda howpsuzlyk ýagdaýy bilen baglanyşykly problemalaryň bu proýekte negatiw täsir etmeginiň mümkindigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG