Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň emeli hemra tagallasy Pariže uzaýar


Hytaý tarapyndan uçurylan Wenesuelanyň ilkinji sputnigi

Hytaý tarapyndan uçurylan Wenesuelanyň ilkinji sputnigi

Türkmenistan birinji milli sputnigini, ýagny Ýeriň emeli hemrasyny kosmosa uçurmak boýunça ädýän ädimlerini dowam etdirýär. Şu günler Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysy Fransiýa sapar edýär.

Türkmenistanyň Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysy Alladurdy Ataýew häzir Fransiýa sapar edýär. Resmi maglumatlara görä, bu sapar Türkmenistanyň “Emeli hemra sistemasyny döretmek we ony kosmos giňişligine çykarmak” boýunça proýektiň çäklerinde bitirilen işlere baha bermegi göz öünde tutýar.

Türkmenistanyň ilkinji sputnik sistemasyny döretmek işini Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasy amala aşyrýar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysynyň Fransiýa 20-nji ýanwarda başlanan sapary 25-nji ýanwarda tamamlanar.

Hytaýyň tejribeleri

Türkmenistanyň emeli hemrasynyň komosa 2014-nji ýylda uçurylmagy planlaşdyrylýar. Türkmen sputniginiň, ýagny emeli hemrasynyň Hytaýyň Siçuan regionynda ýerleşýän Siçan kosmodromyndan “Çan jen–3B” kysymly raketa arkaly uçuryljagy habar berilýär.

2012-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysy hytaý tarapynyň kosmos boýunça tejribelerini öwrenmek we “ChinaSat-12” sputniginiň kosmosa uçurylmagynyň dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa sapar edipdi.

Fransiýa bilen gatnaşyk

Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň proýektirlenmegine we gurulmagyna degişli meseleler 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň we Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýsynyň wise-prezidenti Mişel Rikaryň arasynda maslahat edilipdi. Türkmenistanyň bu fransuz şirketi bilen şertnamasy 2011-nji ýylda baglaşylypdy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň “Space Systems International – Monaco S.A.M.” kompaniýasy bilen degişli orbital nokady kärendä almak boýunça şertnamasy bar.

Türkmenistanyň öz emeli hemrasyndan, hususan-da, oba hojalyk meýdanlarynyň barlaglary, nebit-gaz pudagynyň zerurlyklary we ekologik gözegçilik üçin peýdalanyp biljekdigi habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi 2011-nji ýylyň maý aýynda döredilipdi. Onuň öňünde sputnik aragatnaşygyny ýola goýmak, milli sputnigi Turkmenistanyň giňişliginden dolandyrmak we kosmos bilen bagly ylmy işleri alyp barmak ýaly maksatlar goýulýar.

Mundan öň, 2004-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan kosmosa döwlet baýdagy we prezidentiň ştandarty uçurylypdy. 2005-nji ýylda Turkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby hem kosmosa uçuryldy. Orsýetiň raketasy bilen uçurylan hemrada kosmosa giden “Ruhnama” kitaby, käbir maglumatlara görä, azyndan 150 ýylyň dowamynda ýer şarynyň daşynda aýlanar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG