Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň hasabatçysy pilotsyz uçarlaryň hüjümi boýunça derňew geçirer


BMG-niň adam hukuklary we terrorizme garşy göreş boýunça ýörite hasabatçysy Ben Emmerson graždan ilatynyň ýaşaýan ýerlerinde üsti pilotsyz uçarlar arkaly amala aşyrylýan hüjümleriň täsirleri boýunça ýörite derňew alyp barmakçy.

BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Komissarynyň edarasy Ben Emmersonyň bu mesele boýunça derňewlere şu hepdäniň penşenbe gününden başlajakdygyny mälim etdi.

Bu baradaky resmi maglumatda geçiriljek barlaglaryň graždan ilatyň ýitgileri bilen baglanyşykly faktlary anyklamaklyga gönükdiriljekdigi aýdylýar.

BMG-niň hasabatçysy Ben Emmerson öz geçirjek derňewleriniň netijesinde birneme soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňünde rekomendasiýalar bilen çykyş eder.

Pakistanyň syýasatçylary soňky wagtlar üsti pilotsyz amerikan uçarlarynyň geçirýän hüjümlerinde örän köp graždan ilatynyň ölýändigini aýdyp, muňa alada bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG