Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Monarha dil ýetiren” taýlandly aktiwiste 10 ýyl tussaglyk berildi


Çarşenbe güni taýlandly syýasy aktiwist Somýot Pruksakasemsuk ýurduň monarhyna dil ýetirmekde aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud ony özüniň hususy žurnalynda monarhiýa režimi barada gytyklaýyn äheňde ýazylan iki sany makalasy üçin günäli tapdy.

Taýlandyň prokuraturasy bu makalalarda tankyt edilýän hyýaly gahrymanlaryň üsti bilen ýurduň patyşasy Bhumibol Abulýadejiň göz öňünde tutulýandygyny öňe sürdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary we Ýewropa Bileleşigi Taýlandyň sudunyň çykaran bu höküminiň söz azatlygy baradaky hukuklara garşy gelýändigini aýdyp, muny ýazgardylar.

Taýlandyň monarha dil ýetirilmegini gadagan edýän kanunyna laýyklykda, monarha dil ýetiren adama 15 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilinýär.
XS
SM
MD
LG