Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky bosgunlardan azyndan 17-si sowukdan ölüpdir


Şu ýanwar aýynda Owganystandaky içerki bosgunlaryň sowukdan ölenleriniň sanynyň azyndan 17-ä ýetendigi habar berilýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy bu barada ýaýradan beýanatynda bu ölenlerden 11-siniň çagalardygyny aýdýar.

Guramanyň maglumatyna görä, bu sowukdan ölenler Owganystanyň Gerat we Kabul şäherleriniň etegindäki lagerlerde ýaşaýan bosgunlar.

“Amnesty International” guramasynyň Aziýa-Ýuwaş oken regiony boýunça bölüm başlygynyň orunbasary Polli Truskott Owganystandaky ýüz müňlerçe bosguna gyşyň sowugynda talabalaýyk ýardamlaryň berilmeýändigini aýdýar.

Gumanitar guramalaryň işgärleri geçen ýylyň gyşynda Owganystanda 100 töweregi adamyň sowukdan ölendigini, şolardan aglabasynyň bolsa çagalardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG