Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlaryň netijesi Netenýahuwyň wezipesinde galjagyny görkezýär


Ysraýylda sişenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynyň deslapky netijesi premýer-ministr Benýamin Netenýahuwyň ýene häkimiýet başynda galjakdygyny görkezýär. Emma bu gezek onuň syýasy blogunyň gazanan sesi ozalkydan ep-esli az boldy.

Ysraýylyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, Benýamin Netenýahuwyň “Likud” partiýasyny we ozalky daşary işler ministri Awigdor Libermaniň aşa milletçi “Ysrael Beitenu” partiýasyny öz içine alýan syýasy blok parlamentdäki 120 orundan diňe 31 orny almagy başarypdyr.

Ýöne munuň özi parlamentdäki beýleki partiýalaryň alan seslerinden birneme köp. Benýamin Neteýanhu öz partiýadaşlarynyň öňünde eden çykyşynda özüniň has uly gerimde syýasy koalisiýa döretmek planynyň bardygyny aýtdy.

Saýlawlaryň gutarnykly resmi netijesi çarşenbe güni giçlik yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG