Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa: Kameron ÝB agzalygy babatda referendum isleýär


Premýer-ministr Kameron ÝB we Britaniýanyň onuň hataryndaky roly barada söz sözleýär. London, 23-nji ýanwar, 2013 ý.

Premýer-ministr Kameron ÝB we Britaniýanyň onuň hataryndaky roly barada söz sözleýär. London, 23-nji ýanwar, 2013 ý.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron, eger-de hökümeti gaýtadan saýlansa, özüniň 2017-nji ýyl soňlanmazdan öň Angliýanyň ÝB agzalygy barada referendum geçirjegini aýdýar.

Britaniýanyň indiki milli saýlawlary 2015-nji ýylda geçmeli. Kameron bu beýanaty Londonda sözlän sözünde etdi:

"Bu günki gün jemgyýetçiligiň ÝB-den lapykeçligi hemme wagtdakysyndan ýokary. Munuň birnäçe sebäbi bar. Adamlar ÝB olaryň hiç wagt meýil etmedik tarapyna ugur aldy diýip düşünýärler. Olar biziň milli durmuşymyza, öz görüşleri boýunça, zerur bolmadyk düzgünler we düzgünleşdirmeler bilen gatyşylmagyna gahar edýärler" diýip, ol aýtdy.

ÝB reforma edilmeli

Premýer-ministr 27 döwletiň agzalygyndaky bileleşigiň reforma edilmegine, ýagny oňa has kän demokratiki jogapkärçiligiň goşulmagyna, häkimiýetiň agza döwletlerden gitmän, yza akmagyna çagyrdy.

"Şeýle-de adamlar ÝB indi Britaniýanyň ynjalykly zonasyndan has aňyrdaky syýasy integrasiýa derejesine gönükýär diýip düşünýärler. Olar yz-yzyna baglaşylýan şertnamalar agza döwletler bilen ÝB-niň arasyndaky deňagramlylygy üýtgedýär diýýärler, şeýle-de özlerine hiç wagt söz berilmändigini belleýärler" diýip, Kameron aýtdy.

Kameron Ýewropa Bileleşigi abadançylygy ýokarlandyrmak we öz halklarynyň goldawyny gaýtadan gazanmak üçin üýtgemeli diýdi.

Britaniýanyň "täze ýerleşişi"

Ol Britaniýanyň ÝB agzalygy boýunça “täze ýerleşiş” barada gepleşesiniň gelýändigini, emma britan halkynyň ÝB-ni ret etmeginiň ahmaldygyny, şu sebäpden hem özüniň köpçülik pikirini bilmek üçin referendum geçirmek isleýändigini aýtdy.

Kameron bu ugurdaky gatnaşyklary dogry ýola goýmazdan öň referendum geçirmegiň ýalňyş boljagyny hem sözüne goşdy.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygynyň dowam etmegi baradaky referendum gürrüňleri ýewropa ýurtlarynyň we Demirgazyk Amerikanyň paýtagtlarynda alada döretdi.

Prezident Barak Obama geçen hepde Kamerona “Birleşen Ştatlar güýçli Ýewropa Bileleşigindäki güýçli Angliýa tarapdar” diýdi.
XS
SM
MD
LG