Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyp gözelleriniň "üç arkasy" barlanar


"Nesil" gazeti Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýelerini çap etdi.
"Nesil" gazeti Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýelerini çap etdi.
22-nji ýanwarda ýurduň ýaşlar üçin neşir edilýän “Nesil” gazetinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Talyp gözeli-2013” atly gözellik bäsleşiginiň düzgünnamasy çap edildi.

Düzgünnama boýunça, ýokary okuw jaýlarynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary şol ýokary okuw jaýyndan bu bäsleşigiň 1-8-nji mart aralygynda geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşjak gyzlaryň, il içinde “üç arka” diýlip at berilýän, dogan-garyndaşlary baradaky maglumatlary tabşyrmaly.

Täze düzgünnama

Täze düzgünnama
Täze düzgünnama
Gazetde çap edilen maglumata görä, “Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary şol ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak talyp gyz hakyndaky maglumatlary (özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumat) we 9x12 ölçegdäki iki sany suraty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine 2013-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ne çenli tabşyrmaly”.

Mundan başga-da, şu ýyl fewral aýynda Baýdak baýramy mynasybetli, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçiriljek “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy boýunça, bu bäsleşigiň ýeňijisi bolan ýigidiň hem özi we onuň dogan-garyndaşlary baradaky “üç arka” maglumatlary talap edilýär.

Mundan ozal türkmenistanlylaryň üç arkasynyň barlanmagy ýaly ýagdaý geçen ýylyň oktýabr aýynda hem ýüze çykypdy. Şonda çagalar baglaryna eltilen çagalaryň hossarlaryndan, üç arkasy, olaryň dogulan we ýaşaýan ýerleri, şeýle-de suda çekilip-çekilmänligi ýaly maglumatlar soralypdy.

Başgaça söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň raýatlary durmuşynyň ilkinji basgançaklaryna gadam basan badyndan beýläk öz “üç arkasy” baradaky maglumatlary tabşyryp başlaýarlar. Bu ýagdaý olar mekdebe gireninde-de, soňra okuwy gutaryp, işe başlanynda-da gaýtalanýar.

Aslyň kim?

Maglumat anketasy
Maglumat anketasy
Ejeň kim? kakaň kim? ataň kim? eneň kim? mamaň bilen babaň kim? nirede yaşaýarlar? nirede işleýärler? olar suda çekilenmi? Bu soraglar işe, okuwa girilende dokument tabşyrýan turkmenistanlylar üçin geň däl.

Emma bu maglumatlaryň tabşyrylýan ýerleriniň sanawy haýran galdyrýar diýip, adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, diňe bir edaralara işe ýa-da okuwa giriljek bolnanda däl, eýsem köpçülikleýin çärelerde ýurt baştutanyny garşy alýan gülli gyzlaryň-da üç arkasy barlanýar. Olaryň ene-atalarynyň işleýän, ýaşlaryň bolsa okaýan ýerlerinden maglumat alynýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçy, bu düzgüniň Staliniň döwrüni ýada salýandygyny aýdyp, “şol döwürde-de halk arasynda Staliniň “ogul atasyna jogap bermeýär” diýen sözüniň giňden ýaýrandygyny” sözüniň üstüne goşdy.

Synçylaryň pikiriçe, raýatlardan “üç arka” baradaky maglumatlaryň talap edilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 25-nji maddasynda kepillendirilen raýatyň şahsy durmuşynyň goraglylygy baradaky maddasyna garşy gelýär.

“Nyýazow “üç arka” baradaky maglumatlaryň wezipeli ýolbaşçylardan talap edilmegini ýörite resmi suratda girizipdi. Emma ýönekeý raýatlar babatynda hiç hili resmi talap ýok” diýip, özüni Atamyrat diýip tanadan aşgabatly synçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şol sebäpden Nyýazow döwründen galan “üç arka” baradaky maglumatlara ýönekeý formallyk hökmünde garaýanlar az däl. Ýyllar boýy “üç arka” maglumatlary talap edilip ýörlensoň, adamlar bu ýagdaýa öwrenişipdirler. Şonuň üçin, raýatlaryň köpüsi “üç arka” baradaky maglumatlara islendik beýleki şahsyýeti anyklaýan resminama bolşy ýaly garaýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir raýatlaryň garaýyşlaryndan çen tutsaň, olaryň bu resminama bolan garaýyşlary köplenç halatda “getir diýseler, eltip bereris” diýen garaýşyň çygryndan çykmaýar.

“Üç arka” barlagynyň netijeleri

Emma raýatyň “üç arkasy” baradaky maglumatlary sebäpli adamlaryň işe ýerleşip ýa-da okuwa girip bilmeýän halatlary-da bolýar. Olaryň käbirlerine bolsa işde, okuwda ýa-da beýleki ugurlarda ukybyna görä karýera ösüşine päsgelçilik döredýär.

“Üç arka” maglumatlar anketasynyň ykbalyna zeper ýetiren türkmenistanlylaryň biri, özüni Durdygylyç diýip tanadan aşgabatly ýaş sportsmen. Ol daşary ýurda ýaryşa gidip bilmeýär. “Meniň ýakyn garyndaşym wezipeli ýerde işläp, türmä basyldy. Ilkinji gezek daşary ýurda ýaryşa iberjek bolanlarynda, “üç arka” anketasynda bu ýagdaý barada maglumat berdim. Ynha bolany, meniň adym daşary ýurtlara iberilýän sportsmenleriň hataryndan çykaryldy” Diýip, Durdygylyç gürrüň berdi.

Durdygylyjyň aýtmagyna görä, onuň daşary ýurtlara näme üçin çykarylmaýandygy barada takyk maglumat berilmeýär. Ýöne ol özüniň we treneriniň bu ýagdaýyň sebäbini bilýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Resmiler bu barlaglaryň esasy maksady, onuň netijeleriniň adamlaryň ykbalyna nähili täsir ýetirjekdigi ýa ýetirýändigi barada doly maglumat berilmese-de, daşary ýurtlara çykmak bilen bagly tema 2012-nji ýylyň mart aýynda belli bir derejede anyklyk girizilipdi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetindäki çykyşynda ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirýän “Gara sanawyň” ulanylýanlygy baradaky maglumatlary ret edipdi.
XS
SM
MD
LG