Sepleriň elýeterliligi

Siriýadan göçen orsýetliler öýlerine gelýär


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň iki uçary Beýrutdan 77 adamy alyp geldi. Moskwa, Domodedowo uçar meýdany, 23-nji 2013 ý.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň iki uçary Beýrutdan 77 adamy alyp geldi. Moskwa, Domodedowo uçar meýdany, 23-nji 2013 ý.

Siriýada barýan raýat urşundan aman gutulan 77 orsýetlini bortuna alan iki uçar çarşenbe güni giçlik Moskwanyň Domodedowo uçar meýdanyna gondy. Emma Moskwa munuň Siriýadan köpçülikleýin çykyş operasiýasnynyň başlangyjydygyny ret edýär.

Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar ministriniň orunbasary Ýewgeniý Erşow ol ýerdäki ruslaryň “Siriýadaky adatdan daşary ýagdaý” sebäpli dogduk ýurtlaryna getirilendiklerini aýtdy.

"Häzir biz Moskwanyň Domodedowo uçar meýdanynda durus, Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň iki uçary ýaňyja Beýrutdan geldi. Olar 77 adamy alyp geldiler. Olara Orsýet Federasiýasynyň hökümetiniň karary boýunça, Siriýadaky adatdan daşary ýagdaý sebäpli, meýletin Orsýete dolanmaga mümkinçilik döredildi" diýip, Erşow aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň iki uçarynyň birinde Moskwa gelen Anželika Ýunis Siriýany terk etmek üçin taýýarlanmaga wagtynyň gaty az bolandygyny aýdýar:

"Bu şeýle boldy, hemme zatlarymy ýygnaşdyrdym we başaran ähli zadymy satdym, bolany şol."

Ors häkimiýetleri ewakuasiýanyň näme üçin Liwanyň üstünden amala aşyrylandygyny aýtmakdan boýun gaçyrdylar, emma bu ýerde Damask aýeroportundaky howpsuzlyk aladalarynyň bir faktor bolan bolmagy ähtimal. Gozgalaňçylaryň bu uçar meýdanyna edýän hüjümleri halkara howa liniýalarynyň köpüsiniň bu ýere gatnawy togtatmagyna getirdi.

Siriýada onlarça müň ors bar

Ors resmileri Siriýada onlarça müň ors raýatynyň bardygyny, olaryň köpüsiniň siriýalylara durmuşa çykan aýallardygyny we olaryň çagalarydygyny aýdýarlar.

Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň siriýa liderini gyra itmegi ýa-da onuň gandöküşikligi soňlamagyna basyş görkezmegi maksat edinen üç rezolýusiýasyna weto goýup, Damask režimine garşy iki ýyla golaý dowam edýän gozgalaň wagtynda prezident Başar al-Assadyň iň güýçli goldawçylarynyň biri boldy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow biraz öň Siriýany terk mümkinçiliginden garaşylyşyndan gaty az adamyň peýdalanandygyny aýtdy.

Gaýdan garaşylyşyndan az boldy

"Haçanda biz ilki soramyzda, müň çemesi rus aýaly muňa gyzyklanma bildirdi, emma Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň uçarlary şeýle mümkinçilik döredende, ondan ýüzden hem az aýal peýdalandy” diýip, Lawrow aýtdy.

Şeýle-de Lawrow Siriýanyň içinde oppozisiýa Assad bilen gürleşýänçe parahatçylyk bolmajagyny aýtdy.

“Hemme zat oppozisionerleriň Başar Assadyň režimini agdarmak ideýasyna ýapyşyp ýatmagyna daýanýar. Şu barlyşyksyz pozisiýa aradan aýrylmasa, hiç bir gowulyk bolmaz” diýip, Lawrow sözüniň üstüni ýetirdi.
XS
SM
MD
LG