Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan uran öndürmekde rekord netije görkezýär


Uran gazyp almakda dünýä liderligini saklaýan Gazagystan soňky bir ýylda uran önümçiligi boýunça rekord netijäni görkezdi.

Gazagystanyň “Kazatomprom” döwlet kompaniýasynyň penşenbe güni ýaýradan resmi maglumatynda 2012-nji ýylda bu ýurduň 20 müň 900 tonna uran öndürendigi aýdylýar.

2011-nji ýylda Gazagystan 19 müň 400 tonna uran öndüripdi. “Kazatomprom” kompaniýasynyň ýazmagyna görä, geçen ýylky görkeziji Gazagystanyň öndüren uranynyň tutuş dünýä boýunça öndürilen uranyň 37 prosentini ybarat edýändigini aňladýar.

Gazagystan öz öndürýän uranyny esasan Hytaý, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Hindistan ýaly ýurtlara satýar. Soňky wagtlar bu ýurduň uran magdanyna Günbatar ýurtlar-da gyzyklanma bildirip başladylar.
XS
SM
MD
LG