Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistandaky operasiýada 12 sany ýaragly söweşiji öldürildi


Penşenbe güni Çeçenistanda geçirilen harby operasiýalarda 12 sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow bu öldürilenleriň arasynda köp wagtdan bäri aňtalyp ýörlen söweşjeň liderlerden ikisiniň, ýagny doganlar Muslim we Huseýin Gakaýewleriň-de bardygyny aýtdy.

2010-njy ýylda prezident Kadyrowyň dogduk obasy bolan Sentroý obasyna ýaragly söweşijileriň eden hüjüminden soň, Ramzan Kadyrow doganlar Gakaýewleriň ele salynmagyna ýardam etjek maglumat üçin 10 million rubl pul sylagynyň beriljekdigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG