Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rami Tawil: "Arzuwym - türkmeniň zulum çekmezligi"


Osmaniýe bosgun düşelgesi.
Osmaniýe bosgun düşelgesi.
Siriýada bir ýyl gowrak wagtdan bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli on müňlerçe bosgun ýurdy terk etdi. Olaryň esasy bölegi Türkiýä bardy.

Bosgunlaryň arasynda siriýaly türkmenlerem bar. Olar, umuman aýdylanda, Türkiýäniň Siriýanyň serhet-ýaka etraplarynda, şol sanda Osmaniýe şäherindäki bosgun düşelgesinde ýaşaýarlar.

Eýsem bosgun düşelgelerindäki we Siriýa türkmenleriniň yzda galanlarynyň ýagdaýlary nähilikä? Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Döwlet Baýhan, Osmaniýe bosgun düşelgesinde ýaşaýan siriýaly türkmen Rami Tawil bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Rami, şu wagt bosgun düşelgesinde ýagdaý nähili?

Rami Tawil: Hudaýa şükür, şu wagt bosgun düşelgesinde ýagdaý gowy. Munyň üçin Türkiýe jemhuriýetine minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bizi unutmady, bize gujak açdy. Bize kömek edýänleriň hemmesine uly taňryýalkasyn aýdýaryn. Ýöne gynansagam, bosgun düşelgesinden daşarda galan türkmenleriň ýagdaýy öwerlikli däl. Sebäbi bosgun düşelgelerinde belli bir mukdardan köp adam ýaşap bilenok.
Rami Tawil, siriýaly türkmen.
Rami Tawil, siriýaly türkmen.

Daşarda diýenimde öýlerde ýaşaýanlar hem bar. Esasy kömek bosgun düşelgeleriden başga ýerlerde galýan türkmenlere gerek. Şolara bir kömek edip bolsa, gowy boljak. Meselem, talyplarymyz bar. Talyplarymyz biziň üçin gaty ähmiýetli. Adana şäherindäki Çukurowa uniwersitetinde 40 sany siriýaly türkmen talyp bar.

Golaýda men gidip, şol talyplar bilen görüşdim. Olaryň çekýän kynçylyklaryny soradym. Şu wagta çenli talyplarymyz pul kömegini almaga synanyşdylar, ýöne gynansagam, hiç bir ýerden okamak üçin pul kömegini tapyp bilmediler.

Azatlyk Radiosy: Rami Tawil, şu wagt bolýan bosgun düşelgäňizde näçe sany siriýaly türkmen bar? Bosgun düşelgesinden başga ýerde ýaşaýanlaryň takmynan sany näçeräkdir?

Rami Tawil: Şu wagt Türkiýedäki Osmaniýe bosgun düşelgesinde sekiz müň adam bar. Ýaýladagdaky bosgun düşelgesinde dört müň adam bar. Islahiýede hem iki müň bosgun bar. Şeýle-de Kilis diýen ýerde bar we o taýdaky bosgun sanyny anyk bilemok. Meniň çakyma görä, Türkiýede şu wagt 20-30 müň siriýaly türkmen bosguny bardyr.

Azatlyk Radiosy: Siriýa türkmenleriniň ýaşaýan sebitlerinde şu wagt ýagdaý nähili?

Rami Tawil: Siriýada, esasanam türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde çaknyşyklaryň dowam edýändigi üçin, ylaýta-da türkmenleriň bolýan ýerleri gaty uly zyýan çekýär. Meselem, Şamda ýagny Damaskda Hajar-ul Esed, Kadam, Tadamun diýen ýerler bar we şol ýerde ýaşaýanlaryň aglabasy türkmen.
Siriýada bir türkmen obasy.
Siriýada bir türkmen obasy.

Gynansagam şu wagt şol sebitlerde ýaşaýan türkmenler iň köp zyýan çekýän türkmenler bolup durýar. Homus çaknyşyklaryň ilkinji bolup başlan ýeri. Ol ýerde Bebamr mähellesi bardy we şol ýeriň hem ýüzden 60 bölegi türkmendi. Diňe şol ýaşaýyş ýerine iki müň raketa atyldy. Şu wagt Homusyň türkmen obalarynda gyrgynçylyklar edilýär.

Azatlyk Radiosy: Rami Tawil, siz Türkiýä haçan bosgun bolup geldiňiz, nähili geldiňiz, maşgalaňyz, çagalaryňyz barmy?

Rami Tawil: Men Türkiýä mundan 6 aý owal geldim. Ilki ýeke özüm gelipdim. Soň maşgalam geldi we şu wagt ähli maşgalam ýanymda, bosgun düşelgesinde. Meniň çagam ýok, sebäbi täzelikde öýlendim. Men Siriýanyň Lazkiýe şäherinden geldim.

Azatlyk Radiosy: Osmaniýedäki bosgun düşelgesindäki türkmenleriň arasynda çagalar hem barmy?

Rami Tawil: Umuman, bosgun düşelgesindäkileriň köpüsi çaga bolýar. Bosgun düşelgesine giren mahalyň derrew köpçüligiň ýüzden ýetmiş böleginiň çagalar bilen zenanlardan emele gelýändigine göz ýetirýärsiň. Galan ýüzden otuz bölek bolsa, erkek adamlar, ýagny garrylar we ýaşlar.

Azatlyk Radiosy: Siriýaly türkmen bosgunlary hökmünde goldaw-kömekleri nireden we nähili alýaňyz?

Rami Tawil: Bosgun düşelgesinde hiç hili kemçilik we kynçylyk ýok. Sag bolsun Türkiýe döwleti, hemmetaraplaýyn üpjün edýär. Golaýda bosgun düşelgesiniň içinde mekdep açyldy we çagalarymyz okamagy dowam edýärler. Kitaplar, depderler, galamlar, gerekli hemme zat geldi.

Öz siriýaly türkmen mugallymlarymyz hem bardy, ýöne Türkiýe hökümeti hem mugallym iberdi. Osmaniýe şäherinden gelen mugallymlar bosgun düşelgesinde türkçe sapaklar okadýarlar. Çagalarymyzyň geljeginiň gowy bolmagyny dileg edip otyrys.

Azatlyk Radiosy: Siriýada, ýagny yzyňyzda nämäňiz galdy, olar nähili ýagdaýda we olardan nähili habar alýarsyňyz?

Rami Tawil: Siriýada daýy-daýzalarymyzdan käbir maşgalalar galdy. Olar bilen kämahal telefonda habarlaşýarys. Telefonda ýagdaýy doly aýdyp bilenoklar. Sebäbi ol ýerde hemme telefonlar diňlenýär. Zyýan gelmeginden gorkup, diňe salam-selik, howaýy gürrüň edýärler. Türkiýeden Siriýa gatnap duran maşgalalar bar, şolardan habar alýarys.

Meselem, Siriýadan gelip, yzyna gaýtmaýan maşgalalaryň bolşy ýaly, yzyna obasyna gaýdýan maşgalalar hem bolýar. Käbir türkmen obalarynda çaknyşyklar togtansoň, şol ýere gaýdýanlar hem bolýar.

Meselem, Siriýanyň Lazkiýe sebitindäki türkmen obalary ikä bölünipdir. Bujak türkmenleri bar, şeýle-de Baýyr türkmenleri. Otuza golaý Baýyr türkmen obasynyň hemmesi diýen ýaly bombalandy. Emma beýleki tarapda galan otuz Bujak obasynda bolsa häzir uruş-çaknyşyk ýok. Ýöne, Siriýanyň döwlet işgärleri her hepde gelip, 2-3 adamy soraga çekip, tussag edip, zyndana alyp gidýärler.

Siriýa türkmenleri çörek bişirýär.
Siriýa türkmenleri çörek bişirýär.
Uruş ýok, ýöne hemme Bujak türkmeni gorky bilen, kyn ýagdaýda ýaşaýar. Golaýda garyndaşlarymyz geldi. Şonda olar bize “Siz bärde Türkiýede nähili kyn ýagdaýda bolsaňyz hem ýene gowydyr. Biz bolsa Siriýada demimizi gorky bilen alýarys, hamala gelip, penjireden öýüň içine tasap girjeklar ýaly bolup dur” diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Rami Tawil, Siriýä yzyňyza gaýtmak isleýäňizmi, isleýän bolsaňyz haçan gaýdyp bilerin öýdýäňiz?

Rami Tawil: Siriýa, yzymyza gaýtmagy, elbetde, isleýäris. Enşalla dolanyp barmaga ýagdaý bolar. Ýöne häzirlikçe, gynansagam, çaknyşyklar, durnuksyzlyk gaty uzaga çekjege meňzeýär. Uzaga çekmegini islämizok, ýöne bu häzir bolmajak ýaly.

Azatlyk Radiosy: Rami Tawil, gürrüňdeşligimiziň ahyrynda Dünýa türkmenlerine aýtjak sözüňiz barmy?

Rami Tawil: Dünýä türkmenlerine aýtjak ýekeje sözüm bar. Biz birleşmeli, agzybir bolmaly, bir bütewi bolmaly! Duşman üstümize, golaýymyza gelmez ýaly bolmaly. Dogrydan hem, gynansagam, türkmenler gaty dargapdyr. Dürli sebitlere ýaýrapdyrlar.

Eger türkmenler birleşmese, agzybir, bir bütewi bolmaza, onda geljekda güni gaty kyn bolar. Yrakda uruş bolanda, şol ýerde ýaşaýan türkmenler zulum çekdiler. Bu gezek indi Siriýada uruş bolup dur we ýene türkmeniň Yrakdaky ýaly zuluma duçar bolmagyny islemeýäris. Arzuwym we dilegim, türkmeniň birleşmegi we zulum çekmezligi.
XS
SM
MD
LG