Sepleriň elýeterliligi

Palestina Ysraýyly Halkara suduna bermekçidigini aýdýar


Penşenbe güni Palestinanyň hökümeti palestin territoriýalarynda Ysraýylyň öz gurluşyklaryny dowam etdiren halatynda, Ysraýyly Halkara suduna bermekden başga çäre galmajakdygyny mälim etdi.

Palestinanyň daşary işler ministri Riad Mälki öz hökümetiniň bu baradaky kararynyň Gündogar Ierusalimdäki arap kwartalynyň çäklerinden daşarda Ysraýylyň gurluşyk alyp barjakdygyna ýa barmajakdygyna bagly boljakdygyny aýtdy.

Riad Mälki bu barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýakyn Gündogar meselesi boýunça geçirýän sessiýasynda eden çykyşynda mälim etdi.

Geçen ýylyň noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Palestinanyň statusyny ýokarlandyraly bäri Palestina Halkara sudunyň agzasy bolmaga-da hukuk aldy.
XS
SM
MD
LG