Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidentiniň inisi amerikan raýatlygyndan ýüz öwürýär


Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň inisi Mahmud Karzaý Owganystanda syýasy işler bilen meşgullanmak üçin amerikan raýatlygyndan ýüz öwrendigini mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda 57 ýaşly Mahmud Karzaý özüniň 2014-nji ýylda Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda prezidentlige dalaş etmek planynyň bardygy ýa ýokdugy barada belli bir zat aýtmakdan saklandy.

Mahmud Karzaý köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Ştatlarda biznes işleri bilen meşgullandy we ýaşady.

Onuň San-Fransisko, Boston we Baltimor şäherlerinde hususy restoranlarynyň-da bardygy habar berilýär. Media serişdeleriniň maglumatyna görä, ol Kabul bankynyň aksiýalarynyň-da 7 prosentine eýelik edýär.
XS
SM
MD
LG