Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň raýon merkezinde bulagaýçylyklar gurnaldy


Çarşenbe güni giçlik Azerbaýjanyň Ismaýilli raýon merkezinde müňlerçe protestçi ýerli raýon häkiminiň wezipesinden çekilmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Bu demonstrasiýada protestçiler maşynlary, käbir jaýlary we hatda bir myhmanhanany ýakyp, bulagaýçylyk döretdiler.

Maglumata görä, bu bulagaýçylyklaryň ýüze çykmagyna bu raýon merkezindäki “Çyrag” atly ýerli myhmanhananyň eýesiniň günäsi bilen ýüze çykan ulag heläkçiligi sebäp bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu wakadan öň hem ilat arasynda ýerli jelephana hasaplanylýan bu “Çyrag” myhmanhanasynyň ýapylmagyny talap edip ýaşaýjylaryň eden talaplaryna ýerli häkimiýetleriň reaksiýa bildirmändiklerini habar berýär.

Çarşenbe güni agşamky bulagaýçylyklardan soň penşenbe güni häkimiýetler Azerbaýjanyň bu Ismaýilli raýon merkezinde gözegçilik çärelerini has-da güýçlendiripdirler.
XS
SM
MD
LG