Sepleriň elýeterliligi

Kiýew slanes gazynyň önümçiligine başlaýar


Slans gaz ýatagyny işleýän gural, Polşanyň Lebien obasy.

Slans gaz ýatagyny işleýän gural, Polşanyň Lebien obasy.

Geçen hepdede Ukrainanyň premýer-ministri Kiýewiň 24-nji ýanwarda “Royal Dutch Shell” nebit kompaniýasy bilen 10 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekjekdigini aýtdy. Bu ylalaşyk Kiýewiň “Şewron” kompaniýasy bilen eýýäm baglaşan şertnamasy bilen bilelikde Ukrainanyň özüniň Orsýetiň tebigy gazyndan garaşlylygyny azaltmak ugrunda alyp barýan strategiýasynyň bir bölegidir.

Ukrainanyň özüniň Orsýetiň energiýasyndan garaşsyzlygyny üpjün etmek meselesiniň çözgüdi häzir ýeriň astynda ýatyr. Ukraina 1.2 trillion kubometr möçberdäki slanes gazynyň goruna eýe bolup, ýurt bu tebigy baýlygynyň ululygy boýunça Ýewropada üçünji orunda durýar.

Ukrainanyň 24-nji ýanwarda “Royal Dutch Shell” kompaniýasy bilen önümçiligi paýlaşmak boýunça şertnama gol çekmegine garaşylýar.

Mümkinçilikler

Ylalaşyga laýyklykda, Ukrainanyň gündogar böleginde ýerleşýän “Ýuziwska” gaz ýatagynda, täze tehnologiýalaryň ulanylmagynda, önümçilik işleri başlanar. Bu işleriň bahasynyň 10 milliard amerikan dollaryna durjagy habar berilýär.

2012-nji ýylda Kiýew Ukrainanyň günbatar böleginde ýerleşýän gaz ýatagynda şuňa meňzeş işleri amala aşyrmak üçin özüne partnýor hökmünde “Şewron” kompaniýasyny saýlap alypdy.

Brýusseldäki Günbatar-Gündogar institutynyň analitigi Danila Boçkarew slanes gazynyň we tebigy gazyň beýleki adaty bolmadyk görnüşleriniň Ukrainanyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolup biljekdigini belledi.

Danila Boçkarewiň pikirine görä, Ukraina öz zerurlyklary üçin ulanýan gazynyň ýarpysyny ýa üçden iki bölegini daşardan satyn alýarka, slanes gazy ýurduň energiýasy üçin möhüm çeşme bolup biler.

Orsýetden satyn alýan energiýa serişdeleriniň importyny azaltmaklyk Ukraina üçin wajyp mesele bolup durýar. Moskwa Kiýewe syýasy taýdan basyş etmek üçin gaz söwdasyny ulanyp gelýär. Moskwa Ukrainanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşulan ýagdaýynda, Kiýewe satýan gazynyň nyrhyny azaltmakçydygyny duýdurýar.

Päsgelçilikler

Emma Ukrainanyň “Ýuziwska” gaz ýatagyny özleşdirip başlamagy meseläniň tiz ýa-da doly çözüljegini aňlatmaýar. Kiýewiň planlary üstünlikli başa barsa bu gaz ýatagyndan ýene 10 ýyldan, her ýylda 8-10 milliard kubometr mukdarda gaz öndürip bolar. Ýene 15 ýyldan bolsa, öndürilýän gazyň mukdaryny ýylda 20 milliard kubometre ýetirip bolar.

Deňeşdirme üçin Ukrainanyň tükenip barýan gaz ýataklaryndan häzirki wagtda ýylda 20 milliard kubometr mukdarda gaz öndürilýär. Ukrainaly energiýa bilermeni Pawlo Zahorodnýuk bu sanyň geljekki onýyllykda ýene-de azaljagyny çak edýär.

Kiýewiň slanes gazyny özleşdirmek boýunça planlarynyň başa barmagy ekologiýa meselelerine-de bagly.

Harkow we Donetsk şäherleriniň ýaşaýjylary gaz önümçiliginiň ekologiýa ýetirýän zyýany barada aýdyp, gaz önümçiligine garşy çykyş edýärler. “Swoboda”, ýagny “Azatlyk” atly syýasy partiýanyň ýerli bölümi slanes gazynyň önümçiliginiň suwy hapalaýandygyny we ekin meýdanlaryna zyýan ýetirýändigini aýdyp, suda ýüz tutmakçy bolýar. “Swoboda” partiýasynyň parlamentdäki wekili Ihor Şwaika ekologiýa taýdan köpçülikleýin barlaglaryň zerurdygyny aýtdy.

Analitik Danila Boçkarew Ukrainanyň slanes gazynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça edýän tagallalary Günbatar Ýewropanyň energetika üpjünçiligine degişli ýagdaýyny iru-giç özgerder diýip hasap edýär.
XS
SM
MD
LG