Sepleriň elýeterliligi

Orsýet şahyr Wysoskiniň doglan gününiň 75 ýyllygyny belleýär


Anna güni, 25-nji ýanwarda Orsýetde belli merhum şahyr, aktýor we aýdymçy Wladimir Wysoskiniň doglan gününiň 75 ýyllygy giň gerimde bellenilip geçilýär.

Wladimir Wysoskiý Sowet häkimiýeti ýyllarynda Sowet jemgyýetiniň syýasy we sosial problemalaryny paş ediji ýiti poeziýasy we özüniň graždanlyk pozisiýasy bilen uly meşhurlyk gazanypdy.

Wososkiniň ýerine ýetiren aýdymlary-da halk arasynda uly söýgi bilen kabul edilipdi. Ol 1980-nji ýylda, 42 ýaşynyň içinde ýürek keselinden aradan çykdy.

Wladimir Wysoskiniň doglan gününiň 75 ýyllygyna gabatlanyp, anna güni Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, ýörite muzeýiň açyljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG