Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Owgan meselesi boýunça regional maslahat geçirildi


Penşenbe güni Aşgabatda Owganystanyň durnuklylyk meselesine bagyşlanyp regional maslahat geçirildi. Şeýle maslahaty geçirmek inisiatiwasy bilen Türkmenistan 2012-nji ýylyň 14-nji iýunynda Kabulda geçirilen halkara konferensiýasynda çykyş edipdi.

Aşgabatdaky bu maslahata dünýäniň 15 ýurdundan, şol sanda Owganystandan, Azerbaýjandan, Hindistandan, Pakistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Orsýetden, Türkiýeden, Italiýadan we Britaniýadan-da wekilleriň gatnaşandygy habar berilýär.

Maglumata görä, Owganystanyň durnuklylyk meselesine bagyşlanyp geçirilen bu maslahata BMG-niň edaralaryndan we käbir beýleki halkara guramalaryndan-da wekiller gatnaşypdyr.

Türkmenistanyň resmi mediasy maslahatda owgan-ara dialoglaryna gatnaşyjy ýurtlaryň yzygiderli syýasy konsultasiýa alyşmak prosesini ösdürmek meseleleri barada pikir alşylandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG