Sepleriň elýeterliligi

Gazetlerden “Howandary – Türkmenistanyň prezidenti” aýrylar


2013-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykan türkmen gazetleri

2013-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykan türkmen gazetleri

Türkmen gazetleriniň birinji we ahyrky sahypalarynda “Howandary – Türkmenistanyň prezidenti” diýen ýazgy indi aýrylmaly. Prezident Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda geçen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Bägül Nurmyradowa ýüzlenip, bu ýazgyny aýyrmaklygy teklip etdi.

Bu teklip penşenbe güni hödürlenen hem bolsa, anna günki gazetler, öňküsi ýaly, ýene “prezidentiň howandarlygynda” çap edildi. Ýöne bu tabşyrygyň ýakyn wagtlarda ýerine ýetirilip, “Howandary prezident” diýen ýazgynyň gazetlerden aýrylmagyna garaşylýar.

Diňe gazetlerde däl

“Howandary - Türkmenistanyň prezidenti” diýen ýazga diňe gazetlerde däl, eýsem Türkmenistanda çap edilýän žurnallarda hem duşmak bolýar. Meselem, bu ýazgy “Zenan kalby”, “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnallarynyň birinji sahypalaryndaky atlarynyň aşagynda hem ýerleşdirilen.

Hatda ýurtda çagalar üçin neşir edilýän ýeke-täk “Güneş” atly žurnal hem ”Howandary - Türkmenistanyň prezidenti” diýen ýazgy bilen çap edilýär.

Türkmenistanda çap edilýän gazet-žurnallaryň ählisi diýen ýaly hökümetiň eýeçiliginde, howandarynyň kim bolandygyna garamazdan, olaryň aglabasy diňe hökümetiň alyp barýan işlerini wagyz etmek bilen meşgullanýarlar. Bu ýagdaý Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri dowam edýär.

Şol sebäpden Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli synçylar, “Howandary - Türkmenistanyň prezidenti” diýen ýazgynyň aýrylmagy bilen hem, gazetleriň mazmunynda o diýen uly özgerişlige garaşylmaýandygyny aýdýarlar.

Şeýle ýagdaýda prezidentiň edil häzirki döwürde bu ýazga dykgat bermeginiň sebäbi barada hem takyk maglumat ýok. Emma bu ädimiň ýurtda köpçülikleýin habar serişdelerini dolandyrmak boýunça kabul edilen täze kanunuň yz ýanyna gabat gelmegi ünsi özüne çekýär.

Täze kanun

Şol kanunda başga meseleler bilen bir hatarda žurnalistleriň erkin iş alyp barmagyna mümkinçiligiň döredilmegi, hökümetiň žurnalistleriň işine täsir ýetirmeli däldigi barada maddalar bar.

Mundan öň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe bu ýazgy “Howandary - Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy” diýen görnüşde çap edilerdi. Nyýazow aradan çykyp, onuň ornuna Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň, gazetler “Prezidentiň howandarlygynda” diýen ýazgy bilen çap edilip başlandy.

Käbir ýerli synçylar gazetlerden “prezidentiň howandarlygynda” diýen ýazgyny aýyrmak baradaky häzirki tabşyrygyň, hökümetiň Nyýazowyň döwründäki ýaly käbir mahabatlandyryjy zatlardan el çekmek barada alyp barýan işleri bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar beýle ädimleriň gazetleriň mazmunyna täsir ýetirmejegini aýdýarlar. Özüni Amanmyrat diýip tanadan 38 ýaşly medeniýet işgäri bu barada şeýle diýdi: “Türkmen gazetlerinden bu ýazgynyň aýrylmagy bilen, sowet döwründen bäri dowam edip gelýän senzura aýrylmaz. Bu edilýän iş ýönekeý formallyk. Diňe absurd derejesine ýetirilen ýagdaýy düzetmek”.

Ýerli gazetleri okaýan okyjylaryň hem käbirleri şeýle pikirde. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň okyjysy, aşgabatly pensioner Baýram aga şolaryň biri.

“Parslar gazete “ruzname”, ýagny günnama diýýärler. Biz bolsa häzirki neşir edilýän gazetlerimize “waspnama” diýsek boljak. Bu gazetleriň ählisinde diňe wasp edilýär. Informasiýa ýok diýen ýaly” diýip, aşgabatly pensioner Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şu günki gazetleriň ählisi, öňküsi ýaly, birinji sahypalarynda prezidentiň suraty hem-de onuň howandarlyk edýändigi baradaky ýazgy bilen çap edilipdir. Many, mazmun taýdan hem olarda göze görnüp duran täzelik ýok.

Gazetleriň şu günki sanlary Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan medeniýet işgäri Amanmyrat bilen aşgabatly pensioner Baýram aganyň aýdanlaryny tassyklaýar.

Emma şol bir wagtyň özünde-de Media barada ýakynda kabul edilen täze kanun we onuň ýz ýany bilen şeýle meselä üns berilmegine, bu gün bolmasa-da, gelejekde boljak oňyn özgerişlikleleriň alamaty hökmünde garaýan synçylar hem bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG