Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: Metro işgärleri iş taşlaýyşlygy dowam etdirýärler


Anna güni irden Gresiýanyň paýtagty Afinyda metro işgärleriniň indi sekiz gün bäri dowam edýän iş taşlaýyş demonstrasiýasyny dargatmak üçin polisiýa metrolaryň merkezi deposyna reýd geçirdi.

Polisiýa işgärleri protestçileriň ýanyna barmak üçin deponyň öňünde dikeldilen barrikadalary böwsüp geçmeli boldular. Protestçiler bilen polisiýa işgärleriniň çaknyşygynda azyndan 10 sany işgäriň tussag edilendigi habar berilýär.

Gresiýanyň metro işgärleri hökümetiň aýlyklarydyr posobiýalary azaltmak we salgytlary artdyrmak barada täze kabul eden kanunlaryna protest bildirýärler.

Penşenbe güni Gresiýanyň hökümeti metro işgärleriniň işe çykmadyk halatynda olaryň işden kowulmaklarynyň we hatda tussag edilmekleriniň mümkindigi bilen duýduryş berdi.

Anna güni Gresiýanyň awtobus we demirýol işgärleri-de metroçylaryň iş taşlaýyşlygyna raýdaşlyk bildirip, köçä çykjakdyklaryny yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG