Sepleriň elýeterliligi

Ukraina 10 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy


Penşenbe güni Ukraina Britan-Golland kompaniýasy bolan “Royal Dutch Shell” kompaniýasy bilen 10 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Munuň özi Ukrainada ýatyryljyk iň uly daşary ýurt maýa ýatyrymy bolar.

Bu baradaky ylalaşyga penşenbe güni Dawosda geçýän Dünýä ykdysady forumynyň çäklerinde prezident Wiktor Ýanukowiç gol goýdy.

Bu ylalaşyga laýyklykda, “Royal Dutch Shell” kompaniýasy Ukrainanyň gündogar regionyndaky “Ýužiwska” slanes gaz ýatagynda energiýa ýataklaryny özleşdirmek bilen meşgullanar.

Deslapky hasaplamalara görä, Ukraina 1.2 trillion kub metr slanes gaz zapasyna eýe diýlip hasaplanylýar. Bu gaz rezerwi Ýewropada üçünji görkezijidir.
XS
SM
MD
LG