Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň ýaşaýjylary rewolýusiýanyň ýyl dönümini belleýärler


Anna güni Müsüriň häzirki häkimiýetiniň tarapdarlary we garşydaşlary Hosni Mübäregiň häkimiýetden agdarylmagyna getiren halk çykyşlarynyň iki ýyllyk ýyl dönümini bellemek üçin ýurduň dürli şäherlerinde özara ýygnanyşýarlar.

Bu waka gabatlap eden beýanatynda Müsüriň oppozision syýasatçylaryndan biri Muhammad El-Baradeý: “Men rewolýusiýanyň gutarnykly öz makdasyna ýetmelidigini talap etmek hem görkezmek üçin her bir raýaty Müsüriň ähli künjeginde köçelere çykmaklyga çagyrýaryn” diýip, çagyryş etdi.

Oppozision demonstrasiýaçylar anna güni bu waka gabatlap paýtagt Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasyna we prezident köşgüniň ýanyna ýygnandylar.

Bu wakanyň öňýany, penşenbe güni Kairiň merkezinde polisiýa güýçleri hökümete garşy demonstrasiýa çykan protestçiler bilen çaknyşdylar.
XS
SM
MD
LG