Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Jon Kerri Senatyň öňünde çykyş etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine hödürlenen Jon Kerri Senatdaky diňlenişikde, Waşington, 24-nji ýanwar, 2013.

ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine hödürlenen Jon Kerri Senatdaky diňlenişikde, Waşington, 24-nji ýanwar, 2013.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Döwlet sekretary wezipesine hödürlän kandidaty Jon Kerri özüniň wezipä bellenen ýagdaýynda ýurduň daşary syýasatynyň mundan beýäk diňe harby kuwwata daýanmak bilen çäklenmejegini aýtdy.

Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň öňünde eden çykyşynda 69 ýaşly demokrat Jon Kerri dünýä arenasynda ABŞ-nyň 11-nji sentýabrdan soňky oýnaýan roly ýurt tarapyndan amala aşyrylýan gowy işlere kölege salmaly däl diýip belledi.

Içerki kynçylyklar

Kerriniň sözlerine görä, ýurduň maliýe kynçylyklary ABŞ-nyň dünýäde lider bolmak ukybyna we daşary ýurtlardaky tertip-düzgüni goramak boýunça diplomatik ukybyna howp salýar. Jon Kerri, Birleşen Ştatlaryň özi güýçli bolmasa, beýleki ýurtlara-da ýardam berip bilmejegini belläp, şeýlelikde Amerikanyň öz maliýe pudagyny düzgünleşdirmelidigini belledi.

Jon Kerriniň hepdäniň penşenbe güni senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde eden çykyşy formal çäre hökmünde kabul edildi. Kerri bu komitetde 30 ýyla golaý wagtlap işledi we soňky dört ýylyň dowamynda oňa ýolbaşçylyk etdi.

Jon Kerri partiýalaryň ikisi tarapyndan hem hormatlanýan resmi. Senatyň ony tiz makullamagyna garaşylýar. Şeýle-de, Kerriniň Döwlet sekretary wezipesine bellenen ýagdaýynda, onuň dünýäniň ähli künjeklerinde diýen ýaly syýasy problemalar bilen ýüzbe-ýüz boljagy çak edilýär.

Agyr meseleler

Kerri şu günki gün Waşingtonyň öňünde duran iň agyr we howply meseleleriň arasynda Eýranyň ýadro programmasyny agzady.

Kerri ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň diplomatik ugurdan tagallalaryny dowam etdirmelidigini belledi, şol bir wagtda-da Waşingtonyň Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygy üçin “edilmeli işleri etjekdigini” aýtdy.

Kerriniň sözlerine görä, ABŞ-nyň syýasaty “saklamak” boýunça tagallalary däl-de, “öňüni almak” boýunça tagallalary göz öňünde tutýar.

ABŞ-nyň senatynda geçirilen diňlenişikde respublikan senatorlaryň birnäçesi Barak Obamanyň administrasiýasyny Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýaňy-ýakynda bolup geçen agdarylyşyklar meselesinde özüni passiw alyp barmakda aýypladylar.

Orsýete gezek gelende, senator Kerri gatnaşyklaryň soňky ýyllarda yza tesendigini aýtdy. Emma ol bu gatnaşyklardaky dartgynlylygyň gowşamagyna umyt baglady.

Obamanyň adminstrasiýasynyň Owganystan we Pakistan boýunça wekili bolan Jon Kerri indiki ýylda Owganystanda boljak prezidentlik saýlawlarynyň ýurduň üstünlikli özgermegi üçin “wajyp” boljagyny belledi.

Jon Kerri Döwlet sekretary wezipesinde dünýäde aýallaryň hak-hukuklaryny goramak işine we klimatyň üýtgemegi bilen bagly problema üns bermekçi.
XS
SM
MD
LG