Sepleriň elýeterliligi

Orsýet merhum şahyr Wladimir Wysotskini ýatlaýar


Wladimir Wysotskiniň SSSR-iň döwlet telewideniýesinde edilen iň soňky ýazgysy, 22-nj ýanwar, 1980.

Wladimir Wysotskiniň SSSR-iň döwlet telewideniýesinde edilen iň soňky ýazgysy, 22-nj ýanwar, 1980.


25-nji ýanwar Wladimir Wysotskiniň doglan güni. Sowet döwrüniň meşhur dissident şahyry we aýdymçysy merhum Wysotskiý şu ýyl 75 ýaşamalydy.

25-nji ýanwarda Orsýet merhum şahyr Wladimir Wysotskiniň doglan gününi belleýär.

Wysotskiniň doglan gününde, adatça, köp adamlar onuň Moskwada jaýlanan ýerine üýşýärler. Bu gün onuň hatyrasyna bütin dünýäde-de konsertler hem edebi duşuşyklar geçirilýär.

Wysotskiý diňe bir zehinli döredijilik adamsy bolman, ol sowet režimini açyk ýazgaran tankytçylaryň biridi. Onuň batyrgaý ýaňsylamalary tutuş nesliň sowet döwrüniň çäklendirmelerine garşy düýgularyny mälim edipdi.

Wysotskiý "Tagankadaky teatryň spektaklynda" Moskwa, 2-nji aprel, 1965.

Wysotskiý "Tagankadaky teatryň spektaklynda" Moskwa, 2-nji aprel, 1965.

Wysotskiniň aradan çykanyna 30 ýyl geçen hem bolsa, ol Orsýetde giňden tanalýan we örän hormatlanýan şahyr bolup galýar. Orsýetlileriň köpüsi, şol sanda ýaşlar-da onuň aýdymlaryny we goşgularyny ýatdan bilýärler.

Ýakynda Wysotskiý barada alnan filme bolan gyzyklanma onuň meşhurlygyny ýene bir gezek tassyklady. 2011-nji ýylda alnan film görkezilip başlanan badyna, bu film ilkinji on günüň dowamynda 21 million dollar girdeji getirdi.

Wysotskiniň meşhurlygy sowet döwründe ony belli bir derejede söz azatlygy bilen üpjün edipdi. Muňa garamazdan, onuň hiç bir kitaby dirikä çap edilmändi.

Şonda-da Wysotskiniň aýdymlary köpçülige elýeterlidi. Aýdymlaryň ýazgylary gaçakçylyk ýoly bilen satylýardy, kitaplary resmi bolmadyk ýollar bilen çap edilýärdi.

Wysotskiý kino we teatr artisti hökmünde-de tanalýardy. Ol onlarça spektakllarda we filmlerde baş rollary oýnapdy.

1980-nji ýylda 42 ýaşynda aradan çykan Wysotskiniň ölüminiň daşynda şu çaka çenli anyklanmadyk ýagdaýlar bar. Wysotskiniň ýüreginden agyry tutup, aradan çykandygy aýdylýar. Onuň köp ýyllaryň dowamynda arak içmeginiň we neşe ulanmagynyň muňa sebäp bolandygy çak edilýär.

Ol ölenden soň, ýagny 1985-nji ýylda merhum Wysotskiniň käbir goşgulary açyk çap edilip, resmi suratda köpçülige ýetirildi.

Wysotskiý aradan çykanda, onuň ölümi barada resmi taýdan yglan edilmändi. Muňa garamazdan, onuň ýaşaýan jaýynyň daşynda we soňky ýyllarda işlän “Tagankadaky teatrynyň” öňünde köp adam jemlenipdi. Adamlar birnäçe günläp dargamandy. Wysotskini soňky ýoluna ugratmak üçin onlarça müň adam köçä çykypdy.
Wladimir Wysotskiý bilen hoşlaşyk, "Tagankadaky teatryň" öňünde, 28-nji iýul, 1980.

Wladimir Wysotskiý bilen hoşlaşyk, "Tagankadaky teatryň" öňünde, 28-nji iýul, 1980.


Şu sapar Wysotskiniň doglan gününi bellemek üçin 25-nji ýanwarda Orsýetde meşhur aýdymçylaryň konserti bolar. Konsert döwlet telewideniýesinde görkeziler.

Moskwada geçirilýän ýene onlarça dabaranyň arasynda “Tagankadaky teatryň” sahnasynda Wysotskiniň käbir dostlarynyň we kärdeşleriniň gatnaşmagynda edebi agşam geçirilýär.
XS
SM
MD
LG