Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki protestlerde birnäçe adam öldi


Polisiýa işgärleri protestçileriň daş we ot zyňyp edýän hüjümlerinden ýörite galkanlar bilen goranýarlar. Aleksandriýa, 25-nji ýanwar, 2013.

Polisiýa işgärleri protestçileriň daş we ot zyňyp edýän hüjümlerinden ýörite galkanlar bilen goranýarlar. Aleksandriýa, 25-nji ýanwar, 2013.

Müsüriň Sues şäherinde polisiýa bilen protestçileriň arasynda anna güni ýüze çykan ganly çaknyşyklardan soň, şenbe güni häkimiýetler bu şähere harby güýçleri we tehnikalary ýerleşdirdi.

Sues şäherinde anna güni bolan çaknyşyklarda azyndan alty adamyň, Ismailiýa şäherinde-de azyndan bir adamyň ölendigi habar berilýär.

Müsüriň resmileri Hosni Mübäregiň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren halk rewolýusiýasynyň iki ýyllygyna gabatlanyp gurnalan demonstrasiýalarda ýüz beren çaknyşyklarda jemi 450-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bu wakalaryň yzy bilen Twitter arkaly ýaýradan ýüzlenmesinde prezident Muhammad Mürsi ýurduň raýatlaryny rewolýusiýanyň ideallaryna hormat goýmaklyga we öz garaýyşlaryny parahatçylykly ýollar arkaly beýan etmeklige çagyrdy.

Ol bu bolan wakalarda “jenaýatçy elementleri” aýyplady we olaryň jogapkärçilige çekiljekdiklerine söz berdi.

Protestçiler prezidenti aýyplaýar

Emma, beýleki tarapdan, protestçiler prezident Muhammad Mürsüni halk rewolýusiýasynyň demokratik maksatlaryny ýerine ýetirmänlikde hem-de öz eline çakdanaşa ygtyýarlyklary jemlänlikde aýyplaýarlar.

Anna güni Müsüriň 27 prowinsiýasyndan 12-sinde köpçülikleýin bulagaýçylyklaryň bolandygy habar berildi. Polisiýa bilen protestçileriň arasynda çaknyşyklar paýtagt Kairdäki prezident köşgüniň ýanynda, ýurduň ikinji uly şäheri bolan Aleksandriýa şäherinde-de ýüze çykdy.

Habar çeşmeleri käbir wakalarda protestçileriň ýurduň dolandyryjy partiýasy bolan “Musulman doganlygy” partiýasynyň ofislerine we hökümet binalaryna hüjüm edendiklerini habar berýärler.

Müsürde ýüz beren bu gezekki bulagaýçylyklar we giň protest çäreleri geçen ýylyň iýunynda geçirilen saýlawlarda prezident saýlanan Muhammad Mürsüniň hökümeti bilen protestçileriň arasyndaky ylalaşmazlyklaryň dowam edýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Demokratik reformalaryň tarapyny tutýan protestçiler geçen ýylyň dekabrynda geçirilen dawaly referendum arkaly ýurduň konstitusiýasyna girizilen köpsanly üýtgetmeleriň ýatyrylmagyny talap edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG