Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Iki yslamçy toparyň söweşijileri özara çaknyşdylar


Pakistanyň habar serişdeleri ýurduň Owganystan bilen serhet ýakasyndaky bir jülgedäki kontrollygy ele almak ugrunda iki sany yslamçy toparyň arasynda atyşyklaryň ýüze çykandygyny habar berýär.

Maglumata görä, anna güni ýüz beren bu özara atyşyklarda azyndan 24 adam ölüpdir.

Wakada Hyber tire-taýpa regionynda yslamçy “Tehreki Taliban Pakistan” atly toparyň söweşijileri “Ansar Yslam” atly beýleki bir yslamçy toparyň lagerini basyp alypdyr.

Bu wakada ýüze çykan atyşyklarda ölenleriň aglabasynyň yslamçy söweşijilerdigi, emma ýerli parahat ýaşaýjylardan-da birnäçe adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG