Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Duma gomoseksualizmiň propogandasyna garşy kanuny goldady


Anna güni Orsýetiň Döwlet Dumasy birinji okaýyşlykda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda gomoseksualizmiň wagyz edilmegini gadagan ediji kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Bu kanunyň taslamasyny 388 deputat goldady we diňe bir deputat oňa garşy ses berdi. Bu täze kanun geýleriň we lesbianlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde öz garaýyşlaryny açyk wagyz etmeklerini we parad geçirmeklerini gadagan edýär.

Bu düzgüniň bozulan halatynda, kanun aýry-aýry şahsyýetlere 5 müň rubla çenli, guramalara bolsa 500 müň rubla çenli jerime salynmagyny göz öňünde tutýar. Bu kanunyň taslamasy indi Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy we prezident tarapyndan tassyklanylmaly.

Birleşen Ştatlar Orsýetiň bu kanunynyň geýleriň, lesbianlaryň, biseksuallaryň we transseksuallaryň hukuklaryny çäklendirýändigini aýdyp, muny tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG