Sepleriň elýeterliligi

Wagtyndan ir öçen rus poeziýasynyň ýyldyzy


W.Wysoskiý Sowet jemgyýetiniň syýasy we sosial problemalaryny paş ediji ýiti poeziýasy we özüniň graždanlyk pozisiýasy bilen uly meşhurlyk gazanypdy.

W.Wysoskiý Sowet jemgyýetiniň syýasy we sosial problemalaryny paş ediji ýiti poeziýasy we özüniň graždanlyk pozisiýasy bilen uly meşhurlyk gazanypdy.

Anna güni, 25-nji ýanwarda Orsýetde belli merhum şahyr, aktýor we aýdymçy Wladimir Wysoskiniň doglan gününiň 75 ýyllygy giň gerimde bellenilip geçildi.

Wladimir Wysoskiý Sowet häkimiýeti ýyllarynda Sowet jemgyýetiniň syýasy we sosial problemalaryny paş ediji ýiti poeziýasy we özüniň graždanlyk pozisiýasy bilen uly meşhurlyk gazanypdy.

Wososkiniň ýerine ýetiren aýdymlary-da halk arasynda uly söýgi bilen kabul edilipdi. Ol 1980-nji ýylda, 42 ýaşynyň içinde ýürek keselinden aradan çykdy.

Wladimir Wysoskiniň doglan gününiň 75 ýyllygyna gabatlanyp, anna güni Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, ýörite muzeýiň açylandygy yglan edildi.

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki medeni gepleşiginde medeni täzeliklerden daşary, rus poeziýasynyň röwşen ýyldyzlaryndan biri, aktýor we aýdymçy Wladimir Wysoskiniň doglan gününiň 75 ýyllygy bilen baglanyşykly ýörite gürrüň edilýär.

Bu gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG