Sepleriň elýeterliligi

Eýran Günbatar ýurtlary gepleşikleri yza çekmekde tankytlaýar


Şenbe güni Eýranyň hökümeti bu ýurduň ýadro programmasy bilen baglanyşykly ýanwara we fewrala planlaşdyrylan gepleşikleri yza süýşürýänlikde Günbatar ýurtlary tankytlap çykyş etdi.

Eýranyň mediasy Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary Helga Şmidiň dünýäniň ösen ýurtlarynyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça ýanwar aýynda gepleşik geçirmäge taýýar däldigini aýdandygyny ýazýar.

Eýranyň ýadro meseleleri boýunça resmi wekiliniň orunbasary Ali Bagheri gepleşige gatnaşmaly taraplary ýanwar aýynda gepleşik geçirmek boýunça boýun alan borçnamalaryna eýermeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG