Sepleriň elýeterliligi

Bakuwda ýüzlerçe adam demonstrasiýa geçirdi


Şenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda ýüzlerçe adam ýakynda Ismaýilli şäherinde gurnalan protestlere raýdaşlyk bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy bu demonstrasiýada polisiýanyň 50-den gowrak adamy, şol sanda tanymal blogçy Emin Millini, ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Malahat Nasibowany we belli žurnalist Hatija Ismailowany-da tussag edendigini habar berýär.

Bakudaky bu demonstrasiýa geçen hepde bu ýurduň Ismaýilli şäherinde gurnalan protestlerde häkimiýetleriň güýç ulanmalaryna protest hökmünde ýaş aktiwistler tarapyndan gurnaldy.

Geçen hepde Ismaýilli şäheriniň ýaşaýjylary yzly-yzyna birnäçe gezek demonstrasiýa gurnap, ýerli häkimiň wezipesinden çekilmegine çagyryş etdiler. Polisiýa olary dargatmak üçin dubinkalary, göz ýaşardyjy gazlary we suw çüwdürimlerini ulandy.
XS
SM
MD
LG