Sepleriň elýeterliligi

Mehiko-sitide Alyýewiň dawaly heýkelini aýyrdylar


Şenbe güni daňdanlar Geýdar Alyýewiň dawaly heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň parkyndan aýrylyp durlan pursady. Mehiko-siti, 26-njy ýanwar, 2013.

Şenbe güni daňdanlar Geýdar Alyýewiň dawaly heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň parkyndan aýrylyp durlan pursady. Mehiko-siti, 26-njy ýanwar, 2013.

Meksikanyň paýtagty Mehiko-siti şäheriniň häkimiýetleri şenbe güni Azerbaýjanyň ozalky awtoritar prezidenti Geýdar Alyýewiň dawaly heýkelini bu şäheriň merkezinden aýyrdylar.

Mehiko-siti şäheriniň merkezindäki Çapultepek parkynda indi diňe Azerbaýjanyň mermerden ýasalan uly kartasynyň heýkeli galdy.

Geýdar Alyýewiň bürünç reňkli äpet heýkeliniň indi niredeligi we onuň nirede oturdyljakdygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Bu heýkeliň Meksikanyň paýtagtynyň merkezinden aýryljakdygy barada maglumatlaryň peýda bolan badyna, Azerbaýjanyň häkimiýetleri beýle çäräniň iki ýurduň hyzmatdaşlyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini aýdyp, duýduryş beripdiler.

Azerbaýjan tarapy munuň hatda Azerbaýjanyň Mehiko-siti şäherindäki ilçihanasynyň ýapylmagyna we hatda inwestisiýalaryň togtadylmagyna getirmeginiň mümkindigini-de duýdurypdy.

Dawalara sebäp bolan heýkel

2012-nji ýylyň awgustynda Azerbaýjanyň ozalky awtoritar prezidenti Geýdar Alyýewiň heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň meşhur “Paseo de la Reforma” bulwarynyň gyrasynda açylmagy belli bir dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Geýdar Alyýewiň dawaly heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň parkyndan alnyp barylýan pursady. Mehiko-siti, 26-njy ýanwar, 2013.

Geýdar Alyýewiň dawaly heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň parkyndan alnyp barylýan pursady. Mehiko-siti, 26-njy ýanwar, 2013.

Şonda Azerbaýjanyň hökümeti bu heýkeliň ýerleşdirilen ýerindäki parky abadanlaşdyrmak maksatlary üçin Meksikanyň häkimiýetlerine 5 million dollar serişde töledi. Uly parkyň hut şol künjegi-de şonda “Meksika-Azerbaýjan dostluk parky” diýlip atlandyryldy.

Bu wakanyň yzy bilen Azerbaýjanyň hökümeti Geýdar Alyýewiň monumentiniň şol ýerde 99 ýyllap durmagy barada Mehiko-siti şäheriniň häkimiýetleri bilen ýörite özara ylalaşyga gol çekilendigini mälim etdi.

26-njy ýanwarda Mehiko-siti şäheriniň hökümeti bu heýkeliň aýrylmagy bilen baglanyşykly waka boýunça ýaýradan beýanatynda özüniň “Azerbaýjan halkyna, onuň medeniýetine we däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýýandygyny” nygtapdyr.

Şeýle hem, şäheriň hökümeti Geýdar Alyýewiň heýkeliniň indiki ykbaly barada Azerbaýjanyň ilçihanasy bilen dialoglara taýýardygyny mälim edipdir.

Protestçiler ynsan hukuklaryny bozujy awtoritar lider hökmünde tanalýan Azerbaýjanyň ozalky lideri Geýdar Alyýewiň heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň merkezinde oturdylmagyny adamlaryň mertebesini kemsidiji bir waka hökmünde kabul edendiklerini mälim etdiler.

Sowet häkimiýeti ýyllarynda Geýrdar Alyýew uzak wagtlap Azerbaýjan Respublikasynyň Kommunistik partiýasyna ýolbaşçylyk edipdi. Azerbaýjanyň garaşsyzlyk ýyllarynda-da ol tä 2003-nji ýylda aradan çykýança, bu ýurda liderlik etdi. Soňra onuň wezipesine onuň ogly Ilham Alyýew eýe boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG