Sepleriň elýeterliligi

G.Alyýewiň heýkeli Mehiko-siti şäheriniň merkezinden aýryldy


Meksikanyň paýtagty Mehiko-siti şäheriniň häkimiýetleri şenbe güni Azerbaýjanyň ozalky awtoritar prezidenti Geýdar Alyýewiň dawaly heýkelini bu şäheriň merkezinden aýyrdylar.

Geýdar Alyýewiň bürünç reňkli äpet heýkeliniň indi niredeligi we onuň nirede oturdyljakdygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

2012-nji ýylyň awgustynda Mehiko-siti şäheriniň merkezinde Geýdar Alyýewiň heýkeliniň açylmagy käbir dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Protestçiler ynsan hukuklaryny bozujy awtoritar lider hökmünde tanalýan Azerbaýjanyň ozalky lideri Geýdar Alyýewiň heýkeliniň Mehiko-siti şäheriniň merkezinde oturdylmagyny adamlaryň mertebesini kemsidiji bir waka hökmünde häsiýetlendirdiler.

Şenbe güni Mehiko-siti şäheriniň hökümeti Geýdar Alyýewiň heýkeliniň indiki ykbaly barada Azerbaýjanyň ilçihanasy bilen dialoglara taýýardygyny mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG