Sepleriň elýeterliligi

Holokostyň pidalarynyň hatyra güni bellenilip geçilýär


Ýekşenbe güni halkara derejesinde Holokost gyrgynçylygynyň pidalarynyň hatyra güni bellenilip geçilýär.

Bu sene her ýyl 1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Polşanyň territoriýasyndaky nasistik Auşwis-Birkenau konslageriniň sowet goşunlary tarapyndan azat edilen gününiň ýyl dönümine gabatlanylyp bellenilýär.

Bu ýylky hatyra güni “Holokost döwrüniň halas edişligi: Kömek ugrunda görkezilen edermenlik” diýen şygar astynda bellenilip geçilýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun bu waka bilen bagly ýaýradan beýanatynda “ýewreýleri we beýleki milletleri köpçülikleýin gyrgynçylykdan halas etmek ugrunda öz janlaryny howp astyna salan adamlaryň görkezen edermenligi şu günki gün hem adamlary gowy işlere tarap ruhlandyrmalydyr” diýip belläpdir.

Ikinji Jahan Urşy ýyllarynda amala aşyrylan Holokost gyrgynçylygynda Ýewropada 6 million töweregi ýewreý ilaty gyryldy diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG