Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belläp geçýär


1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda S.Nyýazow Türkmenistanyň öz Ýaragly Güýçleriniň döredilýändigi barada ýörite permana gol çekipdi.

1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda S.Nyýazow Türkmenistanyň öz Ýaragly Güýçleriniň döredilýändigi barada ýörite permana gol çekipdi.

Ýekşenbe güni Türkmenistanda Ýaragly Güýçleriň döredilmeginiň 21 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bellenilip geçilýär.

Bu wakanyň öňýany, şenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň harbylaryny bu baýramçylyk bilen gutlap, olara ýörite ýüzlenme bilen ýüzlendi.

Onda Berdimuhamedow 2011-2030-njy ýyllar boýunça Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi barada kabul edilen milli maksatnamanyň harbylaryň gulluk ýagdaýyny we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaklygy-da göz öňünde tutýandygyny belläpdir.

Ol “berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» bu maksadyň döwlet syýasatynyň iň ileri tutýan maksatlaryndan biridigini nygtapdyr.

1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň öz Ýaragly Güýçleriniň döredilýändigi barada ýörite permana gol çekipdi.
XS
SM
MD
LG