Sepleriň elýeterliligi

Buzda tans etmek boýunça Ýewropanyň çempionlary belli boldy


Buzda tans etmek boýunça Horwatiýanyň Zagreb şäherinde geçirilýän Ýewropa çempionatynda ýekşenbe güni italiýaly Karolina Kostner aýal-gyzlaryň arasynda ýekelikde tans etmekde birinji orna eýe boldy.

Orsýetli Adelina Sotnikowa we Ýelizaweta Tuktamyşewa ikinji hem-de üçünji orunlara eýe boldular.

Buzda jübütleşip tans etmekde orsýetli Dmitriý Solowýow bilen Ýekaterina Bobrowa altyn medala mynasyp boldular.

Olaryň watandaşlary Nikita Kasalapow bilen Ýelena Ilinyh kümüş medala, italiýaly jübüt Luka Lanotte bilen Anna Kappelini bolsa bürünç medala eýe boldular.
XS
SM
MD
LG