Sepleriň elýeterliligi

Jokowiç “Australian open” ýaryşynyň dördünji gezek ýeňijisi boldy


Ýekşenbe güni Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirilýän tennis boýunça “Australian open” halkara ýaryşynyň final oýnunda erkekleriň arasynda dünýäniň 1-nji raketkaçysy, serbiýaly Nowak Jokowiç britaniýaly Endi Marreýden üstün çykdy.

Olaryň bu oýny dört set dowam etdi we olardan diňe birinde Endi Marreý 7:6 hasap bilen Nowak Jokowiçe çynlakaý garşylyk görkezdi.

Şeýlelikde, serbiýaly Nowak Jokowiç “Australian open” halkara ýaryşynyň dördünji gezek ýeňijisi boldy.

Şenbe güni tennis boýunça aýal-gyzlaryň arasynda geçen final ýaryşda dünýäniň 1-nji raketkaçysy, belarusly Wiktoriýa Azarenko üç setde hytaýly Li Nadan üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisi boldy.
XS
SM
MD
LG